Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Sport /Ahal teke atlary
  09.12.2019
3674
Ahal teke atlary

    Bedewler  patyşalaryň, halklaryň we döwletleriň paýlaşmak islän Zemininiň giňişlikle- rinde müňlerçe ýyllar çar tarapa çapypdyr.  Asmandan inen hasaplanylýan behişdi bedew hakykatdanam, ajaýypdy we ösişiň her täze zamanynyň ruhlandyryjy alamaty bolupdy.    Ýöne ol her gezek täze at, ýagny öz mesgenine we ýaşaýjylaryna baglylykda hem nusaý, pafiýa, pars, arap... ady bilen peýda bolýardy.    

         Türkmen bedewleri ýa-da ahalteke atlary  XIX asyrda dünýäde täzeden meşhurlyga eýe bolup, Gündogar argamagynyň at-abraýyny arşa göterdi. XX asyryň ahyrynda ahalteke bedewi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň simwolyna öwrülip, onuň owadan keşbi ýurdumyzyň döwlet tugrasyny bezedi.  

          Döwletimiziň syýasatynyň medeni dominantasy ýurdyň ösüşiniň ähli ugurlaryna kesgitleýär. Ýurdumyzda saglyk we sport jemgyýetiniň sosial gurluşynyň aýrylmaz bölekleri bolup durýar. Häzir durmuşa geçirilýän onlarça taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň amal aşyrylmagy syýasatyň kyn we sport infrastrukturasynyň ösüşiniň derejesi boýunça Türkmenistanyň öňde baryjy ýurtlaryň hataryna çykarar.

          Eýsem, ahalteke bedewi nireden peýda bolupdyr? Gelip çykyşy dünýä siwilizasiýasynyň dörän wagtyna gabat gelýär, rowaýata öwrilen atlaryň döredilmegi üçin adamzat kime minnetdar bolmaly?

          Arkadag Prezidentimiz özüniň “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly eserinde şeýle diýýär: “Bu köne dünýäniň atlaryň görnüşlerini bilýänligi gürrüňsizdir. Olaryň aýratynlygy, ozaly bilen, şolaryň ýaşaýan ýerleriniň tebigy-howa şertleri sebäpli emele gelýär. Ýöne gürrüň dürli halklaryň sungatynda we rowaýatlarynda edebileşdirmek hormatyna mynasyp bolan atlar hakynda barýar. Alymlaryň ykrar edişi ýaly, Gomeriň watany bolmak hormaty üçin Kiçi Aziýanyň şäherleri kimin bedewleriň asyl watany hakynda-da dürli ýurtlaryň alymlary we barlagçylary jedelleşdi” diýip ýazýar.

          Häzirki wagtda ahalteke tohumyndan bolan atlaryň gurluş kysmy on ýedi ugur boýunça gidýär, olar aslyny şöhratly bedewlerden alyp gaýdýar.

    Ine olaryň atlary:

Aksakgal, Skak, Eýeberdi Teleke, Gyzsakar, Dor Baýram, Posman, Sere, Pereň, Ýel, Gaplaň, Pakyr Pälwan, Sluçaý, Garlawaç, Arap, Sapar han, Meleguş we Gelşikli diýen ahalteke bedewleridir.

          Milli baýlyklara bolan garaýşy bilen şahsy görelde görkezýän milli Lideriň öz öňünde goýýan maksady täze wezipeleriň we mümkinçilikleriň derejesinde halkyň bedewe bolan söýgüsini dikeltmekden ybaratdyr.

          Prezidentiň şahsy göreldesi – bu onuň ýöredýän syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar, bu syýasat halkyň akyl-paýhasyna we ýüregine gönükdirilendir. Ol özüniň  wezipesini durmuşa bolan beýik ruhy garaýşa gös-göni hyzmat etmekde görýär, şeýle garaýyş türkmenlerde mydama üstünligiň ölçegi we şertleri bolupdyr.