Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Abul Fazl (Sarahs Baba) kümmeti
  28.04.2020
1660
Abul Fazl (Sarahs Baba) kümmeti

      Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Abul Fazl arhitektura ýadygärligi. Bu taryhy ýadygärlik 1023-nji ýylda dünýäden öten öz zamanasynyň görnükli akyldarlarynyň biri hasaplanan Abul Fazl Sarahsynyň hatyrasyna onuň şägirtleri tarapyndan gurlupdyr. Abul Fazl Sarahsy özüniň döwürdeşi, goşgularynda sopyçylyk ideýalaryny wagyz eden belli şahyr hem derwüş Lukman Mejnun bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr,ony özüniň pikirdeşi hökmünde hormatlapdyr. Lukman Mejnunyňil arasynda ýörgünli ady Ulug baba bolup onuň kümmeti goňşy Eýran döwletinde ýerleşýär. Abul Fazl Sarahsy öz eýýamynyň tanymal şahyrlarynyň biri bolan görnükli şahyr, sopyçylyk taglymatyny ýaýradyjy alym Abu-Seýit ibin Abulhaýr Mähneýe il arasynda ýörgünli ady Mäne baba tälim berenleriň biridir, çünki Mäne baba (967-1049) ýaş wagtynda gartaşan Sarahs baba bilen tanyşyp onuň ýanynda köp wagt bolýar we ondan sapak alýar sopyçylyk filosofiýasyna degişli köp zatlary öwrenýär. Abul Fazl Sarahsy özüniň pata beren bu şägirdi bilen tä ömrüniň ahyryna çenli ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Umuman Abul Fazl Sarahsy özüniň akyl paýhaslylygy, sadalygy, adamkärçiligi, belent mertebeliligi bilen halkyň uly hormatyna mynasyp bolan taryhy şahsdyr. 1830-njy ýylda Sarahsyň üstünden Buhara tarap geçip giden iňlis syýahatçysy A.Bernes bu aramgähiň gabyrüsti daşynyň ýazgysyny okap bu ýerde Abul Fazi Guzyň jaýlananlygy barada öz ýol ýazgysynda ýazypdyr.    

       Sarahsda gurlan binalar Horezmde we Dehistanda gurlan binalardan üýtgeşik görnüşde bolupdyr. Sarahsda orta asyrlarda ösen binagärlik mekdebi bolmak bilen birnäçe ussalar şol mekdepde tälim alypdyrlar. Sarahsly ussalar tarapyndan Sarahsda Abul Fazl kümmeti 1024-nji ýylda, Ahmet al-Hadyn kümmeti (Ýartygümmez) 1098-nji ýylda,Eýranda Rabaty Şarif kerwensaraýy 1114-1115-nji ýyllar, Merwde Soltan Sanjar guburhanasy 1157-nji ýyl, Jargürgende minara 1108-nji ýylda,Kakada Abu Seýit (Mäne baba) 1049-njy ýylda gurulypdyr.

   Sarahs baba kümmeti monumental kompozisiýadan ybarat bolup, onuň esasy göwrümi paralellepiped görnüşdedir. Desga, taraplary 23x23 sm,galyňlygy 4,0-4,5 sm bolan inedördül bişen kerpiçlerden bolup, bu binanyň diwarynyň daşky ölçegleri 15,10 metre, içki ölçegi 10,2 metre barabardyr. Diwaryň galyňlygy 2,5 metre ýetýär. Binanyň içi inedördül otag görnüşli bolup, onuň her diwarynda bir sany çuň hem depesi çowly tagçalary bar. Binanyň gündogar tarapynda peçtakly (portally) girellge gurlan.Girelgäniň iki tarapynda galyň diwaryň içinde gümmeziň etegine çykýan aýlawly merduwan basgançak gurlan ilki dört gran görnüşde bolan bina soň 5.8 metr beýiklikde arka paruslarynyň kömegi bilen sekiz granlyga geçýär, soňra 12 granlyga we iki gatly gümmezi göterýän slindrik aýlawa geçýär.Binanyň umumy beýikligi 16.2 metr.Ymaratyň her daşky ýüzi (fasady) pilçeler bilen bäş bölege bölünen we her bölegi tekiz egmekli tagça bilen bezelen. Diwarlary goşalandyrylan kerpiçden bina edilip olaryň aralygy dikligine goýlan ýarty kerpiç bilen bölünýär we öz bolüşly nagyş emele getirýär.Gündogar golýazmalaryna görä Abul Fazl Sarahsy 414-nji hijri ýylynda 1023-1024-nji milady ýyllarynda dünýäden ötüpdir. Ol ölmeziniň öň ýanynda dost-ýarlaryny, şägirtlerini ýanyna çagyryp özüni Sarahs şäheriniň golaýynda ýerleşýän uly mazarstançylykda jaýlaman şäheriň merkezi galasynyň alkymyndaky kiçijik baýryň üstünde jaýlamagy wesýet edipdir. Abul Fazl Sarahsy ýogalandan soň uzak wagt geçmänkä, ýagny XI-asyryň 20-nji ýyllarynda akyldaryň şägirtleri tarapyndan onuň mazarynyň üstüne gümmez galdyrypdyrlar.

     Abul Fazl(Sarahs baba) kümmetiniň suratyny ilkinji gezek 1894-nji ýylda W.A.Jukowskiý çap edipdir we onuň 1023-nji ýylda ýogalan hemde Sarahsyň golaýynda kiçiräk baýryň üstünde jaýlanan belli musulman ruhanysy Abul Fazla degişlidigini ynandyryjylykly subut edipdir. Temrileriň hökümdary Şahruh döwründe 1425-nji ýylda ýadygärlik düýpli rejelenipdir we onuň öň belent bolmadyk portaly beýgeldilipdir, gümmeziň iç tarapynyň bölümleri bolsa timarlanan alibastr güberçekleri bilen bezelipdir. Soňra Sarahs baba ýadygärligi XX-asyryň 80-90-njy ýyllary Sarahsly ussalar tarapyndan täzeden dikeldildi. Ýadygärligi guran ussalaryň iň kämil gümmezli binalarda gabat gelýän, gümmeziň beýikliginiň ýadygärligiň esasynyň beýikligine deň bolan ölçegini saýlap almagy onda gurluş ygtybarlygy we ýokary mäkämligi üpçin edýär. Abul Fazl arhitektura ýadygärliginiň sazlaşygynyň örän sadalygy, proporsional aýdyňlygy, kerpiç örüminiň ýokary tehnikasy ony Türkmenistanyň orta asyr arhitekturasynyň meşgur ýadygärlikleriniň hataryna goşýar.