Oktýabr aýynyň 24-nde Kazanda geçirilen BRIKS sammitiniň soňky güni görnükli gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy. Ýadygärlik wagtlaýyn gorag örtügi bilen örtülen ýagdaýda Nazarbaýew köçesinde ýerleşdirilip, çeperçilik taýdan Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabatda ýakynda gurlan heýkel bilen sazlaşykly görnüşde gurlupdyr.
Bu ýadygärlik, Abaý Kunanbaýewiň belent mertebesini we onuň taryhy ähmiýetini dabaralandyrmak maksady bilen gurnalan giň gerimli medeni çäreleriň bir bölegi bolup, onuň dürli şäherlerde heýkelleriniň oturdylmagy, umumy medeni giňişligi ösdürmäge gönükdirilen taslamanyň bir bölegidir. Moskwa we Aşgabat şäherlerinde hem Abaý Kunanbaýewiň heýkelleriniň oturdylmagy, Tatarystanyň paýtagty Kazanyň gazak medeniýetine we Abaý Kunanbaýewiň mirasyna goýýan hormatyny görkezýär.
Aşgabatda dikilen Abaý Kunanbaýewiň heýkeli dost-doganlyk medeniýetini ösdürmäge ýardam edýän medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Abaý Kunanbaýewiň mirasy diňe Gazagystan bilen çäklenmän, Merkezi Aziýa ýurtlarynda-da uly täsir galdyrdy. Tatar medeniýetinde yz galdyran şahyrlaryň we filosoflaryň ençemesi bolup, olaryň mirasy häzirki we geljek nesillere ilham bermekde uly ähmiýete eýedir.
Aganiýaz Islamkulyýew,
Türkmen oba hojalyk institutyň
Agranomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby