Ahal province
logo

Latest news:
✦ «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Zenanlar - durmuşyň gözelligi ✦ ✦ 8-nji mart — Halkara zenanlar güni! ✦ ✦ «Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi ✦ ✦ IFT 2026 maýa goýum forumyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty ✦ ✦ Aýdym-saz — ynsan kalbynyň syrdaşy ✦ ✦ Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi ✦ ✦ Kitap — ruhy baýlygyň hazynasy ✦ ✦ Türkmen tebigaty - gözelliginiň nusgasy ✦
Home / Society /17-nji iýun - Bütindünýä çölleşmä we gurakçylyga garşy göreş güni
  17.06.2022
1253
17-nji iýun - Bütindünýä çölleşmä we gurakçylyga garşy göreş güni

Her ýylyň 17-nji iýunynda bütin dünýäde bellenilýän Bütindünýä çölleşmä we gurakçylyga garşy göreş güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1994-nji ýylda döredildi. Konwensiýa döwletlerden bu günüň çärelerini çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyna, şeýle hem çölleşmä garşy göreşmek baradaky konwensiýanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine bagyşlamagy talap etdi. Bu sene dünýäniň iri halkara guramalary tarapyndan bellenilýär, hem-de çölleşmä garşy dürli çäreler geçirilýär. Gurakçylyk giň ýaýran ekin ýetmezçiligi, tokaý ýangynlary we suw ýetmezçiligi ýaly täsirler sebäpli ömrüňi ýitirmek boýunça iň weýrançylykly tebigy betbagtçylyklaryň biridir. Ýurdumyz 1996-njy ýylda ilkinjileriň biri bolup BMG-niň çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasyny tassyklady. Bir ýyldan soň ýurdumyzda amala aşyrylmaly işleriň Milli maksatnamasy kabul edildi. Ol öri meýdanlarynyň oýlanyşykly ulanylmagynyň esasy jähtlerini, tokaý hojalygyny ösdürmegi, ürgün çägäni berkitmegi we tokaýlaşdyrmany, suwarymly ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmagy, amaly ekologik derňewleri geçirmegi göz öňünde tutýardy. Geçen ýyllaryň dowamynda milli kanunçylyk şu babatda zerur bolan hukuk namalary bilen berkidildi. Soňky döwürlerde Türkmenistanda çölleşmä garşy göreş we tokaý Maksatnamasynyň çäklerinde 100 müň gektardan gowrak ýere agaç ekildi. “Altyn asyr “ Türkmen kölüniň gurluşygy tebigaty goramak maksatlaryna ýardam edýär. Kölüň daşyny dürli ösümlikler gurşap alýar. Bu bolsa haýwanlaryň we guşlaryň dürli görnüşleriniň amatly şertlerde köpelmegine ýardam edýär. Alymlar çöldäki öri ýerleriniň suw üpjünçiligini dikeltmek, gowulandyrmak, şeýle hem ýabany haýwanlary köpeltmek üçin amatly şertleri döretmek ugrunda göreşýärler.

Döwlet HALLYÝEW,  Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.