logo

Latest news:
✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦
Home / Health /Zirk barada
  09.01.2023
4344
Zirk barada

Ata Watanymyzda bitýän ösümlikleriň 2000-den gowragynyň dermanlyk häsiýetiniň bardygy ylmy gözlegler esasynda mälim edilen. Şeýle ösümlikleriň biri hem zirkdir. Zirk gülli ösümliklere degişli bolan medeni we dermanlyk ösümlikdir. Häzirki döwürde dünýäde zirkiň 600-den gowrak görnüşi bar. Onuň boýy 1-5 metre ýetip, aram we subtropik klimatly ýerlerde ösýän gyrymsy agaçdyr. Görnüş dürlüligi Aziýa ýurtlaryna has köp ýaýrapdyr. Zirk Diýarymyzda Uly Balkanda, Günorta-Günbatar Köpetdagda duş gelýär we Magtymguly etrabynda bolsa ony köpçülikleýin ösdürip ýetişdirýärler.

Zirkiň diňe miwesi däl, eýsem, agajynyň gabygy, ýapraklary, köki hem dürli derdiň dermanydyr. Ösümligiň miwesiniň düzüminde C, E witaminleri, alma, limon turşulyklary, efir ýaglary we başga-da adam bedeni üçin peýdaly ýokumlar saklanýar. Zirk agajy maý-iýun aýlarynda gülleýär we sentýabr-oktýabr aýlarynda miweleri bişýär. Zirkiň miwesinden bal, şerbet taýýarlanylýar. Onuň gabygy bilen ýapragyndan ýüň we deri boýamak üçin reňk alynýar.

Gadymy lukmanlar zirki zähere garşy derman hasaplapdyrlar. Gadymy Müsürde «sary gyzzyrma» keseli möwç alan döwründe zirkiň miweleri giňden peýdalanylyp, ondan em tapypdyrlar. Assiriýa patyşasy Aşurbanipalyň kitaphanasynda palçykdan ýasalan tagtajyklaryň ýüzüne 2650 ýyl mundan öň edilen ýazgylarda zirk «gany arassalaýan» ösümlik hökmünde ýatlanylýar. Orta asyrlarda-da zirk agajynyň gabygy, ýapraklary, köki we miwesi dürli keselleriň emi hökmünde ulanylypdyr.

Zirk bagryň we öt haltasynyň näsazlyklarynda, öt çykaryjy ýollaryň näsazlygynda, sarygetirmede, öýkeniň sowuklamagynda, gaýmorit keselinde, guragyryny we beýleki bogun agyrylaryny bejermekde, sowuklamada we ýazky witamin ýetmezçiliginde, dişleri berkitmekde peýdasy uludyr. 

 

Durdygözel ÇARYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki 
Agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.