Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisi geçiriler ✦ ✦ Türkmen-horwat bilelikdäki ykdysady forumy geçiriler ✦ ✦ «Awaza» halkara forumyna giň gerimli taýýarlyk işleri dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy ✦ ✦ LLDC3 maslahatyna taýýarlyk işleri görülýär ✦ ✦ Awazada geçiriljek LLDC3 forumyna 30-dan gowrak döwlet Baştutany gatnaşar ✦ ✦ Däne hasylynyň ätiýaçlygy pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ekologiýa Hereketinden Çagalar Üçin Medeniýet we Bilim Bileleşmesi ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň şahadatnamalary gowşuryldy ✦ ✦ TIF 2025 maýa goýum forumy geçiriler ✦
Baş sahypa / Saglyk /Zeýtun ýagynyň peýdaly häsiýetleri
  27.10.2022
1625
Zeýtun ýagynyň peýdaly häsiýetleri

Zeýtun ýagynyň peýdaly ähmiýeti örän ýokarydyr, ol beden saglygy üçin gymmatly iýmit önümleriniň biri hasaplanylýar. Dünýä ýüzünde iýmit üçin harçlanýan ýaglaryň bary ýogy üç göterimi zeýtun ýagynyň paýyna düşýär. Ol bedende 100% özleşip bilýän iýmitleriň hataryna girýär. Şeýle-de zeýtun ýagy deriniň, saçyň düzümini gowulandyrýar. Horlanmakda we bedeniň madda çalşygy ulgamynda hem uly rol oýnaýar. Lukmanlar zeýtun ýagyny berhizlik üçin ulanmagy maslahat berýärler. Sebäbi onuň düzümi olein kislotasyna baýdyr. Zeýtun ýagy uzak wagtlyk açlyk duýgusyny peseldýär. Gadymy grekler zeýtuna uzak ömürliligiň, sagdynlygyň agajy hasaplapdyrlar. Zeýtun ýagynyň bejeriş häsiýetlerini irki döwürlerden bäri gözellik üçin hem ulanylypdyr. Bu iýmit önümi holesteriniň derejesini peseltmek boýunça öňde durýar. Zeýtun ýagynyň ýene-de bir peýdaly häsiýeti, onuň sowuklamanyň öňüni alyş güýjüdir. Aşgazan kesellerinde bejeriş berhizligi maslahat berlende, zeýtun ýagyny göz öňünde tutýarlar. Zeýtun ýagynda olein we linolin kislotalary, şeýle-de ol A,D,E,K witaminlerine baýdyr.

Zeýtun ýagynyň esasy peýdaly häsiýetleri şulardan ybaratdyr:

- iýmiti siňdirişe ýardam edýär;
- aşgazan-içege keselleriniň öňüni alýar;
- immun ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrýar;
- ýady gowulandyrýar;
- şikesleriň we ýaralaryň bitmesini tizleşdirmek;
- süňkleri berkidýär;
- howply çiş keselleriniň öňüni alýar;


Zeýtun ýagy ulanylanda köplenç sowuk sykym arkaly alnan zeýtun ýagyny saýlamak maslahat berilýär. Ol ýag alnanda himiki serişdeler ulanylman, diňe mehaniki güýç, ýagny ýagyň sykma arkaly alnandygyny aňladýar. Hut şu görnüşdäki zeýtun ýagy ýokary ýaramly häsiýetlere eýedigi bilen tapawutlanýar. 

 

Merjen AKYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.