Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy
  06.01.2023
1020
Zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy

5-nji ýanwarda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurdumyzda döredijilik başarnyklary, bilimde, sportda hem-de sungatda gazanan üstünlikleri bilen aýratyn tapawutlanan zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan her ýyl yglan edilýän bäsleşigiň esasy maksady ýaşy 16-dan geçmedik, milli saz gurallarymyzda halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýän, döredijiligiň dürli ugurlary bilen içgin iş salyşýan, okuw derslerinde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezýän, sport ýaryşlarynda, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalardyr ýetginjekleri, şeýle-de göreldeli çagalar aýdym-saz we tans toparlaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Baýraga dalaşgärler ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleridir orta mekdepler tarapyndan hödürlenildi. 1992-nji ýyldan bäri her ýyl gowşurylmagy däbe öwrülen bu abraýly çagalar baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň netijeleri boýunça şu gezek zehinli çagalaryň jemi 66-sy, şeýle-de Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň «Bagtyýarlyk» çagalar tans topary ýeňiji boldy. Olara degişli şahadatnama we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýeňijileriň sylaglanyş dabarasynda baýraga mynasyp bolan zehinli çagalar birnäçe çykyşlary ýerine ýetirdiler.  

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýeleri:

  1. Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň  8-nji synp okuwçysy Abbasowa Mohaddese Rüstemaliýewna;
  2. Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Bakyýewa Jennet Bakyýewna;
  3. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Gylyçmyradowa Farida Kerimowna;
  4. Aşgabat şäherindäki 121-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Atabaýewa Güljemal Atabaýewna;
  5. Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Atajanow Didar Ahmedowiç;
  6. Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Ataýewa Nuranaaý Öwezmyradowna;
  7. Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Hudaýberdiýew Seýran Myradowiç;
  8. Aşgabat şäherindäki 64-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Rustamow Ibrahim Döwletowiç;
  9. Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 7-nji synp okuwçysy Çaryýewa Gülşat Amangeldiýewna;
  10. Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 7-nji synp okuwçysy Guwanjow Kakageldi Guwanjowiç;
  11. Aşgabat şäherindäki 125-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Annanurowa Gülnabat Rahmanowna;
  12. Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Orazmämmedowa Leýli Mekanowna;
  13. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Otuzowa Aýnur Ilmyradowna;
  14. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Gylyjow Wepa Gylyjowiç;
  15. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Allaberdiýewa Aýşat Şamyradowna;
  16. Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Baýramow Ybrahym Sahysalyhowiç;
  17. Aşgabat şäherindäki 92-nji orta mekdebiň10-njy synp okuwçysy Nurýagdyýewa Selbi Gurbanmyradowna;
  18. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Handöwletowa Züleýha Jepbarowna;
  19. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Nazarow Emirhan Arazdurdyýewiç;
  20. Aşgabat şäherindäki 64-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Orazgeldiýew Mikaýyl Gurbangeldiýewiç;
  21. Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Omarowa Medine Bazarowna;
  22. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Handöwletow Jelaletdin Jepbarowiç;
  23. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Sapardurdyýew Öwezmyrat Sapardurdyýewiç;
  24. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň H.Çaryýew adyndaky 2-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Hudaýnazarowa Merýem Hudaýnazarowna;
  25. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Atamyradow Perhat Atamyradowiç;
  26. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Aşyralyýewa Sofiýa Ekäýewna;
  27. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Guwançmyradowa Hurmagözel Guwançmyradowna;
  28. Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Suwhanow Yhlas Döwranowiç;
  29. Ahal welaýatynyň Tejen  etrabyndaky A.I.Belodedow adyndaky 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Akyýew Umyt Döwletgeldiýewiç;
  30. Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň  9-njy synp okuwçysy Baýmyradow Serdar Baýramgeldiýewiç;
  31. Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Durdyýewa Aýlar Durdyýewna;
  32. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Orazdurdyýew Söýün Gurban ogly;
  33. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Saparowa Gülsoltan Täçmämmedowna;
  34. Balkan welaýatynyň Balkanabat  şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Myratjanow Hüseýinmyrat Hasainmyradowiç;
  35. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Çagalyk öýüniň» binýadyndaky orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Berdiýew Batyr Gurbannazarowiç;
  36. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenbaşy şäherçesindäki 1-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Şanazarowa Gülendam Şanazar gyzy;
  37. Balkan welaýatynyň Gumdag şäherçesindäki 31-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Nazarow Meýlis Amannyýazowiç;
  38. Balkan welaýatynyň Etrek etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aşyrowa Taganbibi Toýgeldiýewna;
  39. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Merdanowa Gülendam Merdanowna;
  40. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Merdanow Altymyrat Merdanowiç;
  41. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Jumabaýewa Aýdildar Amangeldiýewna;
  42. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 94-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Babaýew Kyýas Guwanç ogly;
  43. Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 62-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Sabirowa Nurana Parahadowna;
  44. Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Amanow Röwşen Annamyradowiç;
  45. Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Meretamanowa Leýlijemal Wepaýewna;
  46. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 50-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Kakyşow Saparmuhammet Haýytmyradowiç;
  47. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Hojaberdiýew Hudaýberdi Pirgulyýewiç;
  48. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Öwezowa Ogultäç Batyrowna;
  49. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 46-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Saparnazarow Meret Iljanowiç;
  50. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 9-nji synp okuwçysy Şöhradowa Selbi Şöhradowna;
  51. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Awezow Muhammetaly Atajanowiç;
  52. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Reýimow Nazar Bahtyýarowiç;
  53. Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň «Bagtyýarlyk» çagalar tans topary;
  54. Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kasymjanowa Sabina Kasymjanowna;
  55. Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Baýramowa Bahar Baýramowna;
  56. Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky 14-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Jumaýewa Nurana Babanazarowna;
  57. Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ruslanow Nurmuhammet;
  58. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Amanmuhammedow Emir Süleýmanowiç;
  59. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Agaýewa Meýrem Agadurdyýewna;
  60. Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Pendiýewa Maýsa Guwanjowna;
  61. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Ezizowa Mähriban Ezizowna;
  62. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Begliýew Wepa Begliýewiç;
  63. Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Öwezow Mämmetweli Çarymyradowiç;
  64. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki A.Ýazow adyndaky 6-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Mämmetberdiýew Agamyrat Azadowiç;
  65. Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Kuwwatgeldiýew Şaperman Kuwwatgeldiýewiç;
  66. Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Baýrammuhammedow Sungat Orazsähedowiç;
  67. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Meredow Ybraýym Ahmedowiç.