logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy
  22.10.2026
9
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy

2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly XXXI halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Bu çäre nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze maýa goýumlaryny çekmek we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin möhüm meýdança bolup durýar.

 

Foruma dünýäniň 75-e golaý ýurdundan 1 müň 700-den gowrak wekil gatnaşýar. Sergide bolsa halkara energetika bazarynyň 130-dan gowrak kompaniýasynyň diwarlyklary görkezilýär. Gatnaşyjylar nebiti we gazy gözläp tapmak, çykarmak, daşamak, saklamak hem-de gaýtadan işlemek boýunça täze tehnologiýalar we çözgütler bilen tanyşýarlar.

 

Maslahatyň dowamynda dünýä energetika bazaryndaky ösüş meýilleri, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz känlerini özleşdirmek we täze ýataklarda gözleg-buraw işlerini ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

 

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän forum türkmen hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagyna, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyna we geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşmagyna mümkinçilik döredýär.