logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /ZÄHMETE BOLAN SÖÝGI
  05.07.2022
861
ZÄHMETE BOLAN SÖÝGI

Iýul aýynyň 5-inde jany-teni bilen zähmete berlen adamlaryň güni bellenilýär. Beýle adamlara başgaça workagolikler  hem diýilýär. Bu baýramçylyk “Workaholics Day” ady bilen ilkibaşda ABŞ-da döräp, häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda bellidir.

Ony öz işini we karýerasyny maşgalasyndan, dostlaryndan, ýakynlaryndan ýokarda goýýan, hatda “işde ýaşamagy” makul bilýän adamlar özleriniň “hünär” baýramy hökmünde kabul edip bilerler.

Workagolizm diýlip, adamyň çenden aşa zähmet çekmäge ymtylmagyna, tebigy zähmetsöýerligiň çäginden çykmagyna düşinilýär. Bu termin “zähmete garaşlylyk” psihologik keseli bolan, başgaça aýtsak öz işini özüni ýüze çykarmagyň ýeke-täk serişdesi diýip düşünýän adamlara ulanylýar. Şol sebäpli hem şeýle häsiýetli adamlara workagolikler diýilýär. Beýle adamlar islendik edara üçin iň zerur işgärler bolup durýarlar.

Çenden aşa köp işlemek, wagtynda dynç almazlyk, gijäni ukusyz geçirmek soňlugy bilen newrozyň, ünssüzligiň, birnäçe keselleriň döremegine, nerw ulgamynyň bozulmagyna getirýär. Munuň netijesinde adamyň iş öndürijiligi peselýär. Şonuň üçin hem adamyň beden we akyl saglygy üçin iş bilen dynç alşyň arasynda deňagramlylygyň zerurdygyny ýatdan çykarmaly däldiris.

Eger siziň tanyşlaryňyzyň arasynda hem şeýle adam bar bolsa, oňa dynç alyş gününi gurnap beriň. Munuň üçin tebigata gezelenç etmek, kinoteatra gitmek ýa-da sergä gatnaşmak has gowy bolup biler. Eger siziň özüňiz workagolik bolsaňyz, adata öwrülen rejäňizden çykmaga synanyşyp görüň. Öz durmuşyňyzda gyzykly wakalary başdan geçirmek we täze dostlary edinmek üçin käriňiz bilen bagly bolmadyk dynç alyş gurnaň.

Bu senäniň bellenilmeginiň esasy maksady hem workagolizmiň zyýanly täsirleri barada köpçülige ýetirmek, workagolikleriň özlerini bolsa durmuş ýörelgesini birazrak üýtgetmäge çagyrmakdan ybaratdyr.

Bu günüň esasy şygary şu sözler bolup durýar: “Adam ýaşamak üçin işlemeli, tersine däl...”

 Ramazan NURÝAGDYÝEW

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby