Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — bagtyň we ösüşleriň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýady ✦ ✦ Halk Maslahaty – halkyň belent maksadynyň beýany ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BOMCA-10 maksatnamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Halk maslahaty — jebisligiň nyşany ✦ ✦ III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler ✦ ✦ BMG-niň edaralarynyň Türkmenistan üçin 2026-2030-njy ýyllara ýurt maksatnamalary tassyklanyldy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — ähli üstünliklerimiziň özeni ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halk Maslahaty – halkyň belent maksadynyň beýany
  09.09.2025
112
Halk Maslahaty – halkyň belent maksadynyň beýany

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kabul edilen çözgüde laýyklykda 19-njy sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek barada karara gelindi. Bu çözgüt Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokary götermek ugrunda amala aşyrylmaly işleri halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşmak arkaly ýakyn geljekde ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlemäge gönükdirilip, ýurdumyzda milli ýörelgeleriň dowam etdirilýändigini görkezýär.

 

Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde, hemişe bolşy ýaly, döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämize daýanmak arkaly bu tejribäni döwrebaplaşdyryp, ýurdumyzyň geljekki ykbalyna dahylly möhüm wezipeler, uzak möhletli döwür üçin täze strategiki maksatlar ara alnyp maslahatlaşylar.   

 

Mälim bolşy ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisinde anyk teklipler öňe sürlüp, döwürleriň we nesilleriň özara baglanyşygyny üpjün edýär, iň esasysy bolsa halkymyzyň kanuny bähbitlerini mundan beýläk-de goraýar. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, ilatyň arasynda taryhy başlangyçlaryň ähmiýetini giňden düşündirmek, adamlaryň pikirlerini  diňlemek möhüm işler hökmünde kesgitlenilýär.

 

Berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, halkyň asuda, bolelin durmuşy milli demokratiýanyň, döwlet syýasatynyň, kanunçylyk hukuk ulgamynyň netijeli işi bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz hut şeýle belent maksatly milli demokratiýany kemala getirdi. Raýatyň, adamyň azatlyklaryny we hukuklaryny üpjün edýän milli hukuk binýadynyň döredilmegine baştutanlyk etdi. Kanunçykaryjy häkimiýetiň, demokratik institutlaryň, raýat jemgyýetiniň ornunyň pugtalanmagyna, halkyň syýasy işjeňliginiň we hukuk düşünjesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýän zerur şertleri döretdi.

       

Gadymy taryhly ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň demokratik, hukuk we dünýewi  döwletimiziň berk esasy emele geldi. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda häzirki döwürde Bitaraplyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz ýurdumyzyň şol berk esasy has-da pugtalandyryldy hem-de barha ösdürilýär we kämilleşdirilýär. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly öwrülişik bolup geçdi. Düýpli täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Döwlet Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny hasyl etmäge mümkinçilik berdi.

 

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” döwlet Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny dabaraly baýram etmek maksady bilen, giň möçberli çäreler geçirilýär. Bu çäreler Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmeleriň taryhy ähmiýetini, ýurdumyzyň gazanan halkara abraýyny dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmäge mümkinçilik berýär.

        

Şanly seneler mynasybetli çäreler, şol sanda ýakynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi mähriban halkymyza Garaşsyzlyk, öz ýurduňa, topragyňa, onuň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryna, olaryň netijelerini görmek bagtyna eýe bolmak hakyndaky mukaddes düşünje barada has düýpli oýlanmaga ýardam berýär hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak islegini artdyrar.

       

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi ata-babalarymyzyň eýeren, döwletimiziň esaslaryny düzýän, milliligimize mahsus kadalara esaslanýar. Şol kadalar bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly belleýşi ýaly, demokratiýadan, aýanlykdan, adalatlylykdan, kanunyň hökmürowanlygyndan, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmakdan, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňliginden, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmakdan, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakdan we kabul etmekden, jemgyýetçilik pikirini nazara almakdan ybaratdyr.

      

Ýurdumyzyň döwlet, syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň Konstitusiýamyzda we kanunlarda ykrar edilen baş ýörelgeleriniň mazmunyny kesgitleýän bu kadalaryň berjaý edilmegi üçin döwrebap, täze wezipeleriň öňe sürülmegi ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen baglydyr.

      

Geljekki ösüşlerimiziň esasy kepili bolan ähli ugurlardaky jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmakda Halk Maslahatynyň eýeleýän orny ýokarydyr. Onuň mejlislerinde gozgalýan meseleleriň ýurdumyzyň we hakymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ösdürip, barha kämilleşdirmäge gönükdirilmegi Halk Maslahatynyň ähmiýetini artdyrýar. Munuň özi halkymyzyň bolelin, abadan ýaşaýşyny üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyz döwlet syýasatyny alyp barmakda “Döwlet adam üçindir!” we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarlarynyň iş ýüzünde aýdyň beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

      

Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna, Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna we has-da artdyrylmagyna uly täsir etjek möhüm wezipeleriň kesgitleniljekdigine ynanýarys. Şol wezipeleriň mynasyp derejede berjaý edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan beýik, taryhy işleriniň anyk beýanyna öwrüler. Şoňa görä-de, alyp barýan şeýle beýik işleri üçin biz tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, tükeniksiz alkyş aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!

                                        

Selbi NAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.