logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Politics /Garaşsyzlyk — ähli üstünliklerimiziň özeni
  08.09.2025
3802
Garaşsyzlyk — ähli üstünliklerimiziň özeni

Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň gazanan iň beýik sepgidi we üstünlikleriniň hatarynda durýar. Bu beýik baýramyň şöhraty 34 ýylyň dowamynda her bir raýatyň kalbyny joşduryp, ýoluna, ykbalyna nur çaýýar. Şu ýyllaryň dowamynda türkmen milleti ata-babalaryndan miras galan paýhasy we milli ýörelgeleri bilen baýdy, şöhratlandy. Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyzyň iň mukaddes baýramy hökmünde halkymyzyň buýsanjynyň, bagtyýarlygynyň, döwletliliginiň hem-de agzybirliginiň, jebisliginiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bu baýramy uly joşgun we ýokary derejeli dabara bilen garşy almaga taýýarlanýar.

 

Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk — öz geçmişiňi, taryhyňy, milletligiňi duýmakdyr we ony dünýä tanatmakdyr. Garaşsyzlyk — ruhy-medeni, aň-bilim we parasat güýjüňi jemläp, ony ýaşatmak, ösdürmek we geljekki nesilleriň erkana, abadan durmuşy üçin öňe alyp gitmekdir. Şonuň üçin hem Garaşsyzlyk jemgyýetiň bitewüliginde, asudalygynda, ykdysady we sosial ugurlarda gazanylýan üstünliklerinde aýdyň şöhlelenýär.

 

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyga esaslanýan durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk hem-de ruhy-ahlak maksatlary Konstitusiýamyzyň ýörelgelerinde we milli hukuk ulgamynda doly öz beýanyny tapýar. Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» giňden beýan edilýär. Bu möhüm resminamalar Garaşsyzlygyň mazmunyna, taryhy ähmiýetine we jemgyýet üçin gymmatlygyna çuň düşünmekde ýol görkeziji binýat bolup hyzmat edýär.

 

Laçyn HAJYÝEWA,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň
6-njy orta mekdebiniň mugallymy.