logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halk maslahaty — jebisligiň nyşany
  09.09.2025
3342
Halk maslahaty — jebisligiň nyşany

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletde halk häkimiýetiniň iň ýokary wekili hökmünde çykyş edýär. Onuň işi Konstitusion kanun esasynda ýöredilip, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edýär.

 

Bu gurama ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna esaslanyp, demokratiýa, açyklyk, adalatlylyk we jemgyýetçilik pikir ýörelgelerini özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Halk Maslahaty döwlet dolandyryşynda müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen milli tejribäni dowam etdirýär.

 

2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Prezidiumyň mejlisi bolup geçdi. Onda 19-njy sentýabrda geçiriljek nobatdaky mejlise taýýarlyk meseleleri we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemek boýunça taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Halk Maslahatynyň mejlislerinde jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşine, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütler kabul edilýär. Bu hem «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen ýörelgäniň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

 

Ýaşulularyň paýhasy bilen ýaşlara ýol görkezýän bu gurama milli jebisligi pugtalandyrmakda, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde we döwletiň kuwwatyny güýçlendirmekde möhüm orun eýeleýär.

 

Rüstemgeldi Röwşenow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.