logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Garaşsyzlyk — bagtyň we ösüşleriň gözbaşy
  10.09.2025
4549
Garaşsyzlyk — bagtyň we ösüşleriň gözbaşy

Garaşsyzlyk halkymyzyň asyrlarboýy arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Bu ýyllarda ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň berk binýady tutuldy, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň täze ulgamy kemala geldi. Ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşiniň ýokary depginde ösmegi bilen birlikde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy.

 

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan halkara giňişliginde ynamdar hyzmatdaş hökmünde giň abraýa eýe boldy. Energetika, ulag we suw diplomatiýasy boýunça halkara başlangyçlarymyz dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi bolsa ýurdumyza dünýäniň syýasy giňişliginde aýratyn orun berýär.

 

Garaşsyzlygyň ýyllarynda ýurdumyzyň bilim, ylym, medeniýet we sport ulgamlarynda uly ösüşler gazanyldy. Halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen iri durmuş taslamalary durmuşa geçirildi. Arkadag şäheriniň gurulmagy Garaşsyzlygyň miwesi hökmünde ýaş nesilleriň geljegine niýetlenen beýik başlangyçdyr.

 

Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistan halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň subutnamasydyr. Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekde öňdengörüji başlangyçlary bilen tanalýar.

 

Selbinýaz Ýazjanowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.