Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Yz­gant şä­her­çe­sin­de we­la­ýa­tyň öň­de­ba­ry­jy bi­lim iş­gär­le­ri­niň aw­gust mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di
  22.08.2022
511
Yz­gant şä­her­çe­sin­de we­la­ýa­tyň öň­de­ba­ry­jy bi­lim iş­gär­le­ri­niň aw­gust mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di

Gök­de­pe et­ra­by­nyň Yz­gant şä­her­çe­sin­dä­ki Me­de­ni­ýet öýün­de «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» di­ýen şy­gar as­tyn­da we­la­ýa­tyň öň­de­ba­ry­jy bi­lim iş­gär­le­ri­niň aw­gust mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. On­da we­la­ýat Baş bi­lim mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy­nyň ha­sa­ba­ty diň­le­nil­di. Mas­la­hat­da we­la­ýa­tyň bilim ulgamynda 2021 — 2022-nji okuw ýy­lyn­da ýe­ti­len sep­git­le­re hem-de tä­ze 2022 — 2023-nji okuw ýy­lyn­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­re sel­jer­me be­ril­di. Ge­çen okuw ýy­lyn­da we­la­ýa­tyň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň 29-sy ders bäs­le­şi­gi­niň döw­let tap­gy­ryn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­di­. Hal­ka­ra in­ter­net bäs­le­şi­gin­de bol­sa bir müň­den gow­rak okuw­çy üs­tün­lik­li çy­kyş et­me­gi ba­şar­dy­. Şeý­le hem «Ýy­lyň mu­gal­ly­my — 2022» at­ly bäs­le­şi­giň döw­let tap­gy­ryn­da Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky 1-nji or­ta mek­de­biň bio­lo­gi­ýa mu­gal­ly­my Gül­ba­har Ama­no­wa baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy.

 

 

Ge­çen okuw ýy­ly­nyň ba­şyn­da we­la­ýa­tyň çä­gin­de mek­dep­le­riň bä­şi­si gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di, ýag­ny Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň «Ba­ba­rap» oba­syn­da 960 orun­lyk, Ak bug­daý et­ra­by­nyň Änew şä­her­çe­sin­de 720 orun­lyk, Ak bug­daý et­ra­byn­da 960 orun­lyk, Te­jen et­ra­by­nyň «Ba­ba­daý­han» ge­ňeş­li­gin­de 640 orun­lyk, Ba­ba­daý­han et­ra­by­nyň «Ýa­ry­gök­je» ge­ňeş­li­gin­de 960 orun­lyk mek­dep­le­riň gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

 

 

Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da öň­de­ba­ry­jy bi­lim iş­gär­le­ri­ne we­la­ýat Baş bi­lim mü­dir­li­gi­niň Hor­mat ha­ty we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.