Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýylyň şygary şanly menzillere badalga
  14.01.2023
917
Ýylyň şygary şanly menzillere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünliklere beslenýän her ýylymyza mynasyp at berilmegi asylly däbe öwrülip, ol Garaşsyz döwletimiziň ösmeginiň möhüm tapgyrlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli wakalaryň şöhratlanmagyna giň ýol açýar. Täze 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagy mähriban halkymyzda, aýratyn hem ýaş nesillerde uly buýsanç duýgusyny döredip, uly ruhubelentlige atardy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda merdana halkymyzyň ykbalyny hem durmuşyny özgerden taryhy wakalar, belent başlangyçlar amala aşyryldy. 2022-nji ýylyň üstünlikler bilen tamamlanýan günlerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň mejlisiniň karary esasynda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy agzybir halkymyz üçin örän buýsançly waka boldy. Şeýle şanly wakalar mähriban halkymyzy, ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize egsilmez buýsanjy goşalandyrýar. Ähli ugurlar babatda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz biz üçin nusgalyk görelde, ýörelgeli mekdepdir.

Eziz ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylym-bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, hünär öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler, ähli döwrebap şertler yzygiderli döredilýär. Bu bolsa türkmen ýaşlaryny täze maksatlara, belent üstünliklere höweslendirýär. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ýylyň-ýylyna ylmy we taslama işleri boýunça, döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda uly işleriň amal edilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlardygyny nygtaýar. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny kämilleşdirmek ugrunda  Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyz bagtyýar ýaşlara eziz watanymyzyň gelejegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär. Arkadagly Serdarymyzyň şeýle belent ynamyny ödemek bolsa her bir ýaş nesliň mukaddes perzentlik borjudyr.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň özlerine bildirilýän belent ynamdan ruhlanyp, ata Watanymyza wepaly, ilhalar, kämil hünärli ýaşlar boljakdyklaryna berk ynanýarys. Bize şeýle asuda, abadan durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, täze döwrüň täzeçil wezipelerini ýaşlar bilen berk baglanyşdyrýan Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik başlangyçlarynyň dowamaty dowam bolsun! Ýylymyzyň ajap şygary şanly menzillerimize badalga bolsun! 

 

Madina PARDAÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky 
Türkmen döwlet mugallymçylyk 
institutynyň mugallymy.