logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Gyzykly /"Ýylgyrýan" möýler
  15.04.2022
2228
"Ýylgyrýan" möýler

Möýlerden henizem gorkýaňyzmy? Surata serediň! Ol Gawaýly möý (Theridion grallator) we ol size örän mähirli ýylgyrýar.

T. grallator dört adanyň (Oahu, Molokai, Maui we Gawaý) tropiki tokaýlarynda ýaşaýan Gawaý arhipelagynyň endemik görnüşi bolup, ol ýitip ýok bolmak howpundadyr. Bu
möý, belli bir derejede garnynyň adaty bir nagşy üçin däl-de, uzyn aýaklary üçin belli bir at aldy. Emma Gawaýyň ýaşaýjylary oňa “nananana makaki'i” (“ýüz-keşpli möý”) adyny berdiler. Iňlis dilinde gürleýän döwletlerde bu möýlere "bagtly ýüzli möýler", "ýylgyrýan möýler" diýilýär. Adamlara düýbünden zyýansyz bu möýüň bedeniniň uzynlygy baryýogy 5 mm. Emma olar mydama şeýle bagtly görünýärlermi? Aslynda ýok - bu görnüş polimorfizm bilen reňklenýär. T.grallatoryň 20-den gowrak morfy belli. Iň giňden ýaýran morfy - gara bilen sary tegmillerdir (70%). Tebigy sorag ýüze çykýar - bagtly (ýa-da nägile) ýylgyryş durmuşda "bagtly ýüzli möýe" kömek edýärmi? Alymlar onuň tebigy uşmanlaryny - guşlary gorkuzyp biljekdigini çaklaýarlar. Bu görnüşli möýüň şekili bilen köp zatlary we ýadygärlik sowgatlaryny - futbolkalardan, beýsbol papaklaryndan we oýunjaklardan ýük awtoulaglaryna çenli harytlary satuwa çykarýarlar.
 

Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby