logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ýürek saglygyna zyýan berýän iýmitlerden ägä boluň!
  01.11.2022
1250
Ýürek saglygyna zyýan berýän iýmitlerden ägä boluň!

Sagdyn iýmitlenmekden başga-da, ýürek-damar saglygyny goramak üçin maşk etmek möhümdir. Geçirilen gözlegler Ortaýer deňziniň iýmitiniň ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda 30 göterime çenli täsir edýändigini görkezýär. Ýürek keselleriniň öňüni almakda sarp edilip bilinjek iýmitler ýaly möhüm zat, ýürege zyýan berýän iýmitleriň öňüni almakdyr. Hünärmenler ýürege zyýan berýän aşakdaky iýmitlere üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekýärler: 

Duz we şeker: Bu ikisini aşa köp sarp etmek gaty zyýanly. Az duzly berhiz, gan basyşyny deňleşdirmäge kömek edýär, az şekerli berhiz bolsa semizligiň öňüni alýar we süýji keselini gözegçilikde saklaýar. 

Trans we doýgun ýaglar: Trans we doýgun ýag - mesgede, ösümlik ýagynda, ýagly etlerde, kokosda, palma ýagynda, bişirilen önümlerde, süýt önümlerinde, aşa gowrulan iýmitlerde we gaýtadan işlenen iýmitlerde köp bolýar. Bular erbet holesteriniň derejesini ýokarlandyrýar we ýürek keselleriniň döremek howpuny ýokarlandyrýar. 

Kremli kofeler: Kremli kofelerde aşa köp şeker we trans ýagy bar. Şonuň üçin ondan uzakda bolmak has gowudyr. 

Gaýtadan işlenen et: Gaýtadan işlenen et, uzak möhletde kakadylan, duzlanan, fermentlenen ýa-da tüssä bişirilen etler degişli. Bu iýmitler köpleriň göwnünden tursa-da, olary yzygiderli we köp mukdarda iýmek ýürek saglygyna zyýan berip biler. 

 

Hosin SAIDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.