logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýurdumyzyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
  16.12.2022
941
Ýurdumyzyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

15-nji dekabrda, paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär. Sekizburçly hem-de «2023» diýen ýazgy bilen bezelen ajaýyp ýaşyl arça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada gurnalan ertekiler şäherjiginde oturdyldy. Bu ýerde her ýyl Täze ýyl dabaralary guralýar.

Dürli öwüşgin saçýan şarlar we çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň beýikligi 38,5 metre (ýyldyzy bilen bilelikde 42), göwrümi bolsa 16 metre deňdir. Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda Aşgabatdaky Baş arça GDA ýurtlarynyň paýtagt şäherleriniň Täze ýyl arçalarynyň arasynda beýikligi boýunça birinji orny eýeläp gelýär.

Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň gudraty bilen arçanyň yşyklary ýakyldy. Dabara «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnalan sahnadaky konsert bilen dowam etdi.

Çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ajaýyp sowgatlar gowşuryldy. Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlarda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançalardaky, şeýle hem ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar.

Şeýlelik-de, ýurdumyzda Täze — 2023-nji ýylyň şanyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi.