logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýurdumyzyň iki sany ýokary okuw jaýy «THE Impact Rankings-2022» dünýä reýtingine girizildi
  16.09.2022
955
Ýurdumyzyň iki sany ýokary okuw jaýy «THE Impact Rankings-2022» dünýä reýtingine girizildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ilkinji gezek täsir etmegiň «THE Impact Rankings-2022» atly ählumumy reýtinginiň sanawynda girizildi.



«THE Impact Rankings-2022» reýtingi 2019-njy ýyldan bäri her ýyl «Times Higher Education (THE)» britan guramasy tarapyndan geçirilýär.



«THE Impact Rankings-2022» reýtingi – bu netijeliligiň ýeke-täk ählumumy sanaw belgisi bolup, şonda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça baha berilýär.



Häzirki wagtda, «THE Impact Rankings-2022» reýtingiň netijeleriniň dördünji neşirine dünýäniň 106 ýurdundan uniwersitetleriň 1406-sy girdi.