logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Ýurdumyzyň daýhanlary garpyzyň täze gibrid sortlaryny ýetişdirmäge mümkinçilik aldylar
  04.04.2022
1035
Ýurdumyzyň daýhanlary garpyzyň täze gibrid sortlaryny ýetişdirmäge mümkinçilik aldylar

Ýurdumyzyň daýhan hojalyklary ösdürip ýetişdirýän garpyzlarynyň dürli görnüşli sortlaryny giňeltmäge mümkinçilik aldylar.

«HM.Clause» (ABŞ), «Hazera» (Ysraýyl) we «Bakker Brothers» (Niderlandlar) ýaly oba hojalyk önümçilik kärhanalarynyň resmi paýlaýjysy Türkmenistanyň gurak hem-de yssy howa şertlerine uýgunlaşmaga ukypy garpyz gibridlerini hödürlediler.  

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Krimson Swit» sorty, şeýle hem «Zodiak F1», «Ataman F1» ýaly gibridleri ýetişdirmek mümkinçiligi ýola goýuldy. Bu garpyzlaryň ösüş möwsümi juda tiz bolup, hasyllylygy ýokarydyr. Muňa mysal getirsel, «Krimson Swit» sortynyň ösüş möwsümi 85 gündür. Bir miwesiniň agramy, takmynan 10-12 kg bolýar.

«Zodiak F1» ösümlik möwsüminde ýetişdirmek üçin niýetlenen uly hem uzyn göwrümli miwe berýän gibriddir. Ony ähli görnüşli toprakda ýetişdirip bolýar. Adatça, onuň miwesi takmynan 11-14 kg bolup, kähalatda 16 kg-e çenli hem bolup bilýär.

«Ataman F1» garpyzynyň täze gibridi ir ýetişýän garpyz sortlaryna degişli: miweleri gögeren mahalyndan eýýäm 55-65 gün aralygynda bişýär. Bu garpyz damjalaýyn suwaryşda ösdürilip ýetişdirilende her gektardan 100 tonnadan gowrak hasyl alyp bolýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň daýhan hojalyklary täze gibrid sortlaryny ýetişdirmek üçin birnäçe tagallalary edýärler.