logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýurdumyzyň çägine getirilýän temmäki önümleri üçin goşmaça salgytlaryň mukdary artdyryldy
  29.07.2022
948
Ýurdumyzyň çägine getirilýän temmäki önümleri üçin goşmaça salgytlaryň mukdary artdyryldy

«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunyna laýyklykda, ýurda getirilýän temmäki önümleri üçin goşmaça tölegler aşakdaky ýaly üýtgedildi:

  • Eger bu kanuna laýyklykda, ozal temmäki önümlerinden gümrük bahasynyň 74 göterimi goşmaça töleg hökmünde alnan bolsa, indi şol mukdar 93 göterime çykaryldy. Şeýlelikde, mundan beýläk bir guty temmäki önümi üçin 3 däl-de, 4 dollar möçberinde goşmaça töleg alnar. (Mundan ozal, ýurdumyza getirilýän temmäki önümlerine gümrük bahasynyň 74 göterimi, emma 1 gutusy üçin azyndan ABŞ-nyň 3 dollary möçberinde goşmaça tölegler tölenýärdi.)
  • Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylarynyň 1 kilogramy üçin ozal alnan 15,6 ABŞ dollaryna derek indi 19,5 ABŞ dollary goşmaça töleg hökmünde alnar. (Mundan ozal, bu önümleriň 1 kilogramy üçin 15,6 ABŞ dollary möçberde goşmaça töleg tölenýän bolsa, indi onuň möçberi 19,5 dollara ýetirildi.)

Kanun şu gün metbugatda çap edildi.

Belläp geçsek, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama kabul edildi. Bu Maksatnamanyň çäginde 2025-nji ýyla çenli ýurdumyzy temmäkiden azat ýurda öwürmek maksat edinilýär.