logo

Latest news:
✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Society /Ýurdumyzda ýaş maşgalalara ýeňillikli karzlar berlip başlanyldy
  17.11.2022
1108
Ýurdumyzda ýaş maşgalalara ýeňillikli karzlar berlip başlanyldy

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de has-da gowulandyrmak maksady bilen ýeňillikli karzlaryň möçberini köpeltmek boýunça Karara gol çekipdi.

Şoňa laýyklykda, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny, hojalyk harytlaryny, täze ýaşaýyş jaýlaryny hem-de gozgalmaýan emläkleri satyn almaklary üçin karzlary bermegiň tertibine üýtgetmeler girizildi. Täze düzedişler girizilen hukuk namasy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda çap edildi.

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, indi ýaşlar diýlip hasap edilýän 35 ýaşa ýetmedik är-aýal, 1 göterim ýeňillikli döwlet karz beriş edaralaryndan 20 müň manat köpeldilen ýeňillikli karz serişdelerini alyp bilýärler.

Mälim bolşy ýaly, bu karz är-aýalyň haýsy hem bolsa biriniň adyna resmileşdirilýär we bir gezek peýdalanmaga rugsat berilýär. Bu karzlar girew hökmünde emläk alynmazdan, üçünji taraplaryň zamun bolmagynda berilýär. Mundan ozal nika baglaşylan güne çenli 30 ýaşamadyk ýaş maşgalalar 6 müň manat ýeňillikli karz serişdelerini alyp bilýärdiler. Ýaş maşgalalar bu karz serişdelerini 3 ýylyň içinde üzmäge borçlanýarlar. 

Ýaş maşgalalar Türkmenistanyň karz edaralaryna ýeňillikli karzlary almak üçin ýüz tutanlarynda gerek bolan esasy resminamalar: 

karz alyjynyň ýüz tutan karz edarasynyň başlygynyň adyna karz sorap ýazan arzasy;
- karz alyjynyň we onuň ýan ýoldaşynyň pasport göçürmeleri;
- nika barada şahadatnamanyň göçürmesi ;
- karz alyjynyň iş ýerinden kepilnama (işleýändigi we aýlyk haky baradaky);
- karz alyjynyň soňky 12 aýy zähmet haky boýunça kepilnama (aýma-aý görnüşinde);
- zähmet depderçesiniň göçürmesi (möhür bilen tassyklanan görnüşinde);
- karz alyjynyň we onuň ýan ýoldaşynyň 16 ýaşyndan şu güne çenli nikadan geçmändigi barada güwanama;
- iki zamun durujynyň pasport göçürmesi, iş ýerlerinden kepilnama (işleýändigi we aýlyk haky baradaky), soňky 12 aýy zähmet haky boýunça kepilnama, zähmet depderçesiniň göçürmesi (möhür bilen tassyklanan görnüşinde).