Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýurdumyzda şu gün ilat ýazuwy başlanýar!
  17.12.2022
703
Ýurdumyzda şu gün ilat ýazuwy başlanýar!

Şu gün ýagny 17-nji dekabrda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary astynda tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlanýar.

Ilat ýazuwynyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr, şeýle maglumatlar döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak, meýilnamalaşdyrmak hem-de dolandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ilatyň sanynyň bölünişi hem-de häsiýetnamalary baradaky maglumatlar döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi, abadançylygy we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.

Ilat ýazuwynyň geçirilýän döwründe maglumatlary ýygnamak, işlemek hem-de ýaýratmak işlerinde häzirki zaman enjamlary we programma üpjünçiligi peýdalanylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Ilat gaznasy (UNFPA), BMG-niň Statistika bölümi we beýleki ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabada gelen BMG-niň Bilermenler toparynyň Türkmenistanyň «Ilat ýazuwy — 2022-ä» görýän taýýarlygyna ýokary baha berip, biziň ýurdumyzyň bu çäräni halkara kadalara doly laýyklykda geçirmäge ygrarlydygyny nygtandyklaryny bellemek gerek.

Birleşen Milletler Guramasy ilat ýazuwyny on ýylda azyndan bir gezek geçirmegi maslahat berýär. Munuň özi jemgyýetiň düzüminde bolup geçýän üýtgeşmeler barada maglumatlary almak üçin zerurdyr.

Şu gün badalga alýan bu çäre ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylar tarapyndan sowal-jogap geçirmek hem-de elektron ýazuw resminamalaryny doldurmak arkaly amala aşyrylýar. Şeýlelikde, sanly tehnologiýalar has anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer, şeýle hem ilat ýazuwynyň deslapky hem-de gutarnykly netijelerini metbugatda öz wagtynda we doly çap etmäge ýardam berer.

Ilat ýazuwyny geçirijileri olaryň ýörite şahadatnamasy, keltekçesi hem-de ýaşyl reňkli, ilat ýazuwynyň nyşany şekillendirilen ýaşyl torbasy boýunça tanap bolar.

Raýatlaryň ilat ýazuwyna gatnaşmaklary meýletinlik ýörelgesine esaslanýar, emma şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy bu çäräniň jemgyýetçilik ähmiýetine anyk düşünmelidir, raýat jogapkärçiligini duýmalydyr. 

 

Çeşme: «Türkmenistan Altyn asyr»