Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saragt Babaýew – döredijilikli zähmetden ylham alan ussat ✦ ✦ Çeperçilik akademiýasynda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça gol çekdi ✦ ✦ Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ABŞ-nyň Kent uniwersitetinde dabaraly bellenildi ✦ ✦ Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar giňeldilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik ✦ ✦ Ýaşulylara bagyşlanan dabara: Tejen ttrap häkimliginde maslahat ✦ ✦ Tejende Halkara Ýaşulular gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ✦ ✦ Tejende ýeňil atletika bäsleşiginde 36-njy mekdep birinji orny eýeledi ✦ ✦ Tejende stol üstünde oýnalýan tennis ýaryşy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýurdumyzda litiý gorlarynyň hil düzümi öwrenilýär
  08.02.2024
366
Ýurdumyzda litiý gorlarynyň hil düzümi öwrenilýär

Ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän tebigy baýlyklaryň arasynda litiý elementini saklaýan gidrominerallara uly orun degişlidir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň merkezi barlaghasynda ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän litiý gorlarynyň hil düzümini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirildi.

 

Ylmy-barlag işleri üçin nusga hökmünde Garabogaz aýlagyndan we Hazar deňzinden alnan suw nusgalary peýdalanyldy. Geçirilen barlaglaryň esasynda Garabogaz kölüniň we Hazar deňziniň suwlarynyň, gatlak suwlarynyň we ugurdaş suwlarynyň düzüminiň hil görkezijileri anyklanyldy we Garabogaz kölüniň we Hazar deňziniň suw nusgalarynda litiýniň ortaça mukdary 12,1 mg/l-e,  gatlak suwlarda we ugurdaş suwlarda litiýniň ortaça mukdary 47,2 mg/l –e deň bolandygy anyklanyldy.

 

Suw nusgalarynyň ion we element barlaglary barlaghanada ýerleşdirilen ABŞ-nyň ICS 5000   DIONEX_Thermo   Scientific atly EG* - elektrogeçirijilikli IH** - Ion hromatografiýa we  7700 IСP-MS Agilent Technologies atly enjamlarynda geçirildi.

 

Litiý - tebigatda erkin halynda duş gelmeýän ýumşak, kümüşsow reňkli metaldyr. Litiý elementi dünýäde seýrek duş gelýän metallaryň biri bolup, ol häzirki wagtda elektrotransportda, şeýle-de, energiýa saklaýjy ulgamlarda çalşyp bolmaýan zerur element hasaplanýar. Dünýä boýunça batareýaly burawlaýjy enjamlarda (drel) 60 gram, noutbuk kompýuterlerinde 40 gram, planşetlerde 30 gram we jübi telefonynyň batareýalarynda 1-3 gram litiý ulanylýar.Mundan başgada litiý silikatlary we onuň minerallary aýna we keramika önümçiliklerinde hem giňden ulanylýar. 2025-nji ýyla çenli dünýäde litiýe bolan islegiň 550 müň tonna ýetmegine garaşylýar.

 

Litiý aýna önümleriniň agramyny peseltýär, şeýle hem aýna önümlerine berklik, atmosfera karroziýasyna durnuklylyk, yrgyldylara çydamlylyk ýaly häsiýetleri berýär.  Litiý goşundylary bilen baýlaşdyrylyp taýýarlanan aýna önümleri ultramelewşe ýagtylyk tolkunlaryny saýlap geçirijilik ukybyna eýedigi bilen tapawutlanýarlar. Bu görnüşli aýna önümleri telewizor tehnikalarynda giňden ulanylýar.

 

Mundan başgada litiý elementi we onuň birleşmeleri ýadro tehnologiýasynda, elektromobil önümçiliginde,  harby tehnikalarda,  lukmançylykda derman serişdelerini taýýarlamakda,  elektrotehnikada we ş.m. giňden peýdalanylýar.

 

Günbatar Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynyň ugurdaş suwlarynyň we Hazar deňziniň töweregindäki deňiz suwunyň düzüminde litiniň uly gorlary bar. Bu ýerlerde senagat üçin amatly konsentrasiýada litiý saklanyp, ýurdumyzda elýeterli ýagdaýda litiniň karbonatyny almaga mümkinçilik berýär. Bu ýerlerde litiniň konsentrasiýasy 10 mg/l -den ýokary bolup, käbir ýerlerinde bu görkeziji 40 mg/l-e çenli ýetýär. Bu konsentrasiýaly suwlardan  litiý metalyny almak örän amatly bolup durýar.

Amangeldi Çolykow,
Ak bugdaý etrabynyň 17-nji orta 
mekdebiniň himiýa mugallymy.
Seýitmuhammet Baýramdurdyýew,
Ak bugdaý etrabynyň 17-nji orta 
mekdebiniň okuwçysy.