logo

Latest news:
✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦ ✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦
Home / Technology /Sanly ulgamda adamlaryň döredijilik hukuklary
  26.10.2025
567
Sanly ulgamda adamlaryň döredijilik hukuklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag şäheri ýurdumyzyň ilkinji “akylly şäheri” hökmünde sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýan mekanyna öwrüldi. Bu şäherde raýatlaryň gündelik durmuşy, bilim alşy, döredijilik işi we iş gatnaşyklary sanly ulgama esaslanýar. Şeýle ýagdaý jemgyýetde täze düşünjäni — sanly döredijilik we onuň hukuk taýdan goralyşy meselesini öňe çykardy.

 

Sanly dünýäde her bir adam dörediji şahsa öwrülýär. Internetde ýazylan makala, döredilen surat, wideo, programma ýa-da saz eserleri — bularyň hemmesi döredijilik önümleri bolup durýar. Bu ugurda Arkadag şäheriniň ýaşlarynyň sanly platformalarda döredýän işleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişlikde-de giňden tanalýar.

 

Şeýle-de bolsa, sanly döredijiligiň artmagy bilen birlikde onuň hukuk taýdan goralmagy möhüm meseleleriň birine öwrülýär. Her bir döredijiniň döredijilik önüminiň ogurlanmazlygy, üýtgedilmezligi we adalatsyz peýdalanylmazlygy üçin sanly hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Sanly döredijiligiň hukuk taýdan goragy halkara derejede “awtorlyk hukugy” we “intellektual eýeçilik hukugy” düşünjelerine esaslanýar. Bu ugurda Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) konwensiýalary möhüm orny eýeleýär.

 

Türkmenistanda hem döredijiligiň netijelerini goramak boýunça degişli kanunçylyk ulgamy kemala getirilýär. Arkadag şäheriniň sanly ulgamy dünýä ýurtlarynyň ösen sanly tejribeleri bilen baglylykda ösdürilýär. Şäheriň bilim, saglyk we jemgyýetçilik hyzmatlarynda ulanylýan elektron ulgamlar raýatlaryň döredijilik mümkinçiliklerini giňeldýär. Mysal üçin, ýaşlar onlaýn platformalarda täze oýlap tapyşlary, mobil goşundylary, maglumatlar banklaryny döredip, olary halkara derejede paýlaşýarlar. Bu bolsa diňe bir innowasion ösüşi däl, eýsem, adam haklarynyň täze görnüşi — sanly döredijilik hukugynyň doly durmuşa geçirilmegine şert döredýär.

 

Sanly döwrüň adamyny döredijilikden aýry göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol sebäpli her bir döwrebap jemgyýetde döredijiligiň sanly hukuk taýdan goragy adalatly we durnukly ösüşiň möhüm sütünleriniň biridir. Sanly döredijilik hukuklaryny ösdürmek, halkara tejribeleri ornaşdyrmak we ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek – ýurdumyzyň geljegine goýulýan maýa bolup durýar.

 

Uzukjemal ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet
gullugy akademiýasynyň magistri.