logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
  02.06.2022
1341
Ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň tomusky dynç alyş mowsuminiň ilkinji tapgyry badalga aldy. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen körpeleriň uly topary mähirli garşylandy. 

Tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli bu ýerde şowhunly çäreler guraldy. Şeýle çäreler «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» myhmanhanalarynda «Daýanç» we «Arzuw» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýokary derejede geçirildi. Çagalar dynç alşyň ilkinji gününde döredilen döwrebap şertler we mümkinçilikler bilen içgin tanyşdylar.