logo

Latest news:
✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Home / Society /ÝOLLARYMYZ  ASUDA  BOLSUN!
  23.09.2022
854
ÝOLLARYMYZ  ASUDA  BOLSUN!

Golaýda, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda «Ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek her bir raýatyň borjudyr» ady bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirildi. Maslahata etrabyň bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler, okuwçy ýaşlar hem-de polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler, milli Liderimiz tarapyndan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda ýol hereketini üpjün etmek boýunça biraýlygyň yglan edilmegi örän ähmiýetli wakadyr diýip bellediler.


Soňra maslahatda çykyş edenler ilatymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy netijesinde raýatlarymyzyň ýokary amatlykly ýeňil awtoulaglaryň sanynyň barha köpelýändigi, bu bolsa ýollarymyzda awtoulaglaryň hereketleriniň ýygjamlaşmagyna getirýändigi, şeýle şertlerde hereketiň sazlaşykly hem-de hadysasyz bolmagyny gazanmak wajyp mesele bolup durýandygy dogrusynda, şeýle hem orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň we oba ýaşaýjylarynyň arasynda köçe ýol hereketleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde raýatlara ýol hereketleriniň kadalaryny doly berjaý edip seresap bolmaklary barada aýdyp geçdiler.


Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda alyp barýan adyl syýasatlarynyň hemişe rowaç bolmagyny, janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

 

Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň başlygy.