logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /ÝOLLARYMYZ  ASUDA  BOLSUN!
  06.09.2022
818
ÝOLLARYMYZ  ASUDA  BOLSUN!

          Golaýda, Tejen etrap häkimliginiň, etrap hassahanasynyň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda etrap hassahanasynda zähmet çekýän lukmanlaryň arasynda «Ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek her bir raýatyň borjudyr» ady bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirildi. Maslahatda çykyş edenler, Döwlet Baştutanymyz tarapyndan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda ýol hereketini üpjün etmek boýunça biraýlygyň yglan edilmeginiň örän ähmiýetli wakadygyny belläp geçdiler.

 

 

          Maslahatyň dowamynda, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy netijesinde raýatlarymyzyň ýokary amatlykly ýeňil awtoulaglaryň sanynyň barha köpelýändigi, bu bolsa ýollarymyzda awtoulaglaryň hereketleriniň ýygjamlaşmagyna getirýändigi, şeýle şertlerde hereketiň sazlaşykly hem-de hadysasyz bolmagyny gazanmak wajyp mesele bolup durýandygy dogrusynda nygtalyp geçildi.

 

 

          Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda alyp barýan adyl syýasatlarynyň hemişe rowaç bolmagyny, janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ogulşeker BEGLIÝEWA,

Tejen etrap hassahanasynyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň
ilkinji guramasynyň başlygy.