logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Economics /Ýollar-bagta tarap uzaýar
  15.11.2021
662
Ýollar-bagta tarap uzaýar

Biziň ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzda ýol gurmak, köpri gurmak, guýy gazmak ýaly işlere uly üns berilipdir. Şu ýol-ýörelgelerden ugur alyp, ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden “Döwlet adam üçindir” diýen Hormatly Arkadagymyz ata-babalarymyzyň şol ýol-ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmekde asyra barabar işleri amal edip başlady.

         Şeýle işleriň biri hem, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan uzynlygy 600 km. bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoludyr. Ýokary tizlikdäki ulaglar üçin niýetlenilen awtobanyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda badalga berildi.

Bu uly ýoluň gurluşygyna başlanmagyna köp wagt geçmedik hem bolsa, ýoluň birinji bölegi ýagny, uzynlygy 203 km. bolan, Aşgabat-Tejen bölegi şu ýylyň oktýabr aýynyň 29-na uly dabara bilen açyldy. Ýokary tizlikdäki ulaglar üçin niýetlenilen bu ýol halkara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň iň ýokary derejesidir. Watanymyz geçmişde hem Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen dünýäniň çar tarapyndan gelýän kerwenleri kabul etmekde amatly bolupdyr. Dünýäniň jahankeşdeleri öz ýyl ýazgylarynda, ýol ýazgylarynda Watanmyz barada ajaýyp sözleri galdyrypdyrlar. Halkara bähbidi ummasyz bolan bu uly desga halkara ülňüsine gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Ýene-de, bu ýol ulagyň ähli görnüşlerinde ýokary tizlikden ýük daşamaga niýetlenendir. Bu ýol gurlanda daş-çagyl, toprak, çäge gatlaklarynyň birinji, ikinji gatlarynyň hersiniň galyňlygynyň 30 sm, üçünji hem dördünji gatlarynyň 20 sm. düşelmegi, asfalt gatlagynyň galyňlygy 7-10 sm. barabarlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýoluň Aşgabat-Tejen ýokary tizlikdäki ulaglar üçin hem niýetlenip, dünýäniň logistika ulgamyna uly goşant goşjakdygy bizi diýseň buýsandyrýar.