logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /«Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi
  19.10.2025
658
«Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

 

Maslahata Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň — Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Hindistanyň we Moldowanyň alymlary gatnaşdylar.

 

Çykyşlarda Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» atly eseri türki halklaryň taryhyny, dilini, edebi mirasyny we medeni köklerini giňden açyp görkezýän bahasyna ýetip bolmajak hazyna hökmünde görkezildi. Alym halklaryň dillerini çuňňur öwrenip, oguz-türkmen nakyllaryny, goşgy böleklerini, däp-dessurlaryny toplapdyr. Eserde agzybirlik, myhmansöýerlik, halypa-şägirt gatnaşyklary ýaly milli gymmatlyklar şöhlelenýär.

 

Maslahatda bellenilişi ýaly, bu eser türki dünýäniň ilkinji ensiklopedik sözlügi hökmünde giň ylmy ähmiýete eýedir. Şeýle hem oňa degişli halkara çäreleriň 2024–2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizilendigi ýatladyldy.

 

Maslahatyň ahyrynda milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasy goramakdaky hyzmatlaryna minnetdarlyk bildirildi.

 

Arazgeldi KAKAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.