logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýokary tizlikli awtomobil ýoly
  01.11.2021
1166
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen  böleginiň gurluşygy tamamlanyp, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurdurmmak başlangyjy hormatly Prezidentimize degişlidir. Döwlet Baştutanymyz 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny  gurmak bilen baglanyşykly Karara gol çekdi.  Bu taslamany amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy.

2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginden  Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi.  Umumy uzynlygy 600  kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň  Aşgabat — Tejen bölegi 220 kilometrdir. “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan ýoluň bu böleginiň ugrunda gözegçilik merkeziniň binalaryny, töleg nokatlaryny, ýangyç guýujy bekedi, tehniki desgalary  öz içine alýan uly tölegli terminallar, tehniki hyzmat nokatlary, awtoduralgalar, ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaglar, ammarlar, ýörite tehnikalar we ulag jaýlary, bassyrmaly awtoduralga guruldy.