logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Ynsanperwerligiň hem ýagşylygyň baýramy
  09.07.2022
948
Ynsanperwerligiň hem ýagşylygyň baýramy

Belli bolşy ýaly,  Gurban aýy Hijri-kamary aý hasabynyň iň soňky on ikinji aýydyr. “Gurban” sözi arap sözünden gelip çykyp, “ýakynlyk, ýakyn durmak” ýaly manylary berýär. Bu mukaddes baýram Ybraýym pygamberiň we onuň ogly Ysmaýylyň Beýik Allatagalanyň ýoluna päk ýürekden berilmegi bilen baglanyşyklydyr. Gurbanlykda pederlerimizden miras galan nusgalyk däplerimizi mynasyp dowam etdirýän halkymyz dürli dessurlary pugta berjaý edýär. Gurbanlyk üçin mal soýulmagy, sadaka berilmegi külli musulman dünýäsinde mizemez dessura öwrülipdir. Bu baýramda öý-içeriniň arassaçylygyna, egin-eşigiň tämizligine seretmek, ýörite ýagşy niýet edip täze egin-eşik geýmeklik hem ajaýyp däpdir. Gurbanlykda hiňňildik uçmaklyk hem sogapdyr, çünki halkymyzda “hiňňildik uçulanda ähli günäler dökülermiş” diýlen ynanç bar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynda hem bellenilip geçilýär. Şeýle-de bu aýda doglan çagajyklara şu aýyň hormatyna Gurbangül, Gurbanaý, Gurbanjemal, Gurban, Gurbanguly, Gurbannazar ýaly atlary dakmaklyk hem ýörgünlidir. Gurban baýramy günlerinde adamlar birek-birek bilen has-da ysnyşýar, saçaklar giňden ýazylyp, toý gazanlary atarylýar, ýakynlar hem goňşy-golamlar bilen bir saçagyň başynda jem bolup ýagşy doga-dilegler edilýär, hiňňildik uçulýan ýerlerde aýdymdyr-sazlaryň joşgunly owazy belentden ýaňlanyp, hemmelere uly ruhubelentlik paýlaýar. Bu mukaddes baýramda durkuň bilen halallyga, päklige berilmek, ýagşy niýet, gowy päl bilen baýramy garşylamak her ynsan üçin parz hasaplanylýar. Bu gymmatly düşünjeler halkymyzda döwürleriň içinden eriş-argaç bolup geçip, müdimilige öwrülipdir.

Bagtyýar zamanamyzda giňden bellenilýän, ynsanperwerligiň hem ýagşylygyň baýramy bolan – Gurban baýramyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!

Serdar Sopyýew

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy