logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Ylymly ýaşlar – Watanyň nurana geljegi
  14.02.2023
1023
Ylymly ýaşlar – Watanyň nurana geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň ýeňişli menzillerini tutuş dünýä ýüzüne ýaýmakda, mähriban Watanymyzyň ösen döwlete öwrülmeginde türkmen ylmynyň gazananlary, ýeten beýik derejesi möhüm ähmiýete eýedir. Ata ýurdumyzda ylym hem bilim ulgamynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ilatymyzyň döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmek, ylmyň-bilimiň ösmegini gazanmak arkaly ýaş nesli kämil düşünjeli edip terbiýelemek, ulgamy dünýä ülňülerine laýyk getirmek esasy meseleleriň hatarynda goýlup, olar üstünlikli çözülýär.

Bilimiň her bir ynsan üçin gymmatly baýlyk bolup, ol adamzady kämilleşdirýär, daşky dünýä düşünmäge ýol açýar. Ýurdumyzy mundan beýläk hem özgertmegiň beýik ýolunda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň hem kämilleşdirilmegine gönükdirilen anyk wezipeleriň çäklerinde öňde goýlan ýörelgeleriň her biri babatda dünýä nusgalyk ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim almak, hünär öwrenmek täze eýýamyň bagtyýar ýaşlarynyň esasy maksadydyr. Ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin alan bilimlerini tejribäniň üsti bilen kämilleşdirmeklerine hem giň ýol açylýar. Ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak arkaly ylym-bilimi ösdürmek  ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Türkmen ylmyny ösdürmäge gönükdirilen beýik özgertmeler bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim we hünär taýýarlygynyň ýokary bolmagyny, eziz Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini şertlendirýär. Bularyň ählisini bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýdyňlygy bilen doly subut edýär. Şeýle-de ýaş hünärmenleriň taýýarlyk derejelerini kämilleşdirmeklige yzygiderli üns berilýär, dünýä tejribesine laýyklykda bilim bermekligiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim edaralaryna giňden ornaşdyrylmagy bagtyýar çagalara, talyp ýaşlara zerur bolan okuw gollanmalarynyň elýeterliligini doly üpjün edýär. Şeýle uly ünsüň berilmegi mähriban ýaşlarda Garaşsyz döwletimize, özgerişli döwrümize hem-de şanly ýylyň şygaryna bolan çäksiz buýsanjy has-da artdyrýar.

Eziz Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýynyň artmagy, ýaşlaryň yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmekligi, bagtyýar döwrümiziň şöhratly gadamlar bilen öňe sary gitmekligi ugrunda tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!  

 

Selbi KULAKOWA, 

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 4-nji ýyl talyby.