Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /YLYM-ÖSÜŞIŇ WE GELJEGIŇ ÝOLY
  31.05.2022
1064
YLYM-ÖSÜŞIŇ WE GELJEGIŇ ÝOLY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýy barha beýgelýär. Munuň netijesinde eziz Watanymyz ýokary depgin bilen ösýän döwletleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasynda durmuşa geçirilýän parasatly maksatlarynyň iş ýüzünde aýdyň şöhlelenmesidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary pajarlap ösýär. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy hem dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylýar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer” diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýady kemsiz pugtalandyryldy. Bu bilim ojaklarynda bolsa dünýäniň kämil tehnologiýalaryndan doly we dogry baş çykarýan kämil hünärmenler taýýarlanylýar.
     Ylymlar dünýäsine aralaşmak bilen ynsan öz durmuş köprüsiniň sütünlerini berkden gurýar. Ylym ynsan ömrüni ajaýyplyklara besleýär. Geçmiş taryhymyzda hem ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyrlar. Ylymly dana adamlaryň pähimine eýeripdirler. Şol sebäpden pederlerimiz nesilleriniň bilim binýadynyň berkligini gazanmak üçin medreselere çagalaryny gatnadyp okadypdyrlar. Zehiniňi açmaklyk üçin ylym genji-hazyna bolup hyzmat edýär. Zehiniňi we ukybyňy ýitileşdirmäge ýardam berýän baýlyk ylymdyr. Bu barada biziň pederlerimiziň akyl we ylym hakynda birnäçe gymmatly jümleleri bar. Ýagny “Akyl iň gözel zynat, ylym iň ýagşy baýlykdyr”, “Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr”, “Ylma görä edilen amal abraý-mertebedir”, “Ylym egsilmeýän uly hazynadyr”, “Akyl hiç solmaýan täze lybasdyr” ýaly pähimli sözler ylym dünýäsine aralaşyp, bilim alýan her bir ýaş nesliň çuňňur akyl ýetirmegine mümkinçilik berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe birnäçe aspirantlar aspiranturalarda ylym derejelerini ýokarlandyryp, ylym binýadyny berkidýärler. Birnäçe ýaş alymlarymyz öz ylym işleri bilen meşgullanyp, ylmyň öňdebaryjy usullaryny giňişleýin öwrenmäge çalyşýarlar. Ylym-bilim binýadymyzyň berkden gurulmagyna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň maksatnamalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz ajaýyp nuruny saçyp, bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň hem işleriniň ilerlemegine ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň kämil bolmagyna, dünýäniň täze, ösen tehnikalaryndan baş çykaryp bilýän ökde hünärmenleri taýýarlamaga itergi berýär. Ylym-bilim pudagynda gazanylýan uly ösüşler we özgerişler kalbyňy buýsanç duýgulara gaplaýar. Goý, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösüşlere besleýän, halkymyzyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Akmyrat ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.