Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Şahsy robotlaryň döwri başlanýar ✦ ✦ Global ykdysadyýete we strategik hyzmatdaşlyga ýol açýan gapy ✦ ✦ SPECA maksatnamasynyň çäklerinde sebit gatnaşyklary berkidilýär ✦ ✦ Türkmen telekeçileri “Gulfood 2026” halkara sergisine gatnaşar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym-bilimi kämilleşdirmek – innowasion ösüşiň möhüm ugry
  24.01.2023
1088
Ylym-bilimi kämilleşdirmek – innowasion ösüşiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň ylym we bilim ýaly möhüm ugurlarynda  Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän asylly başlangyçlary, ylym-bilim syýasaty giň gerime eýe bolýar. Ylym-bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçirip gelen gymmatly baýlygydyr. Şoňa görä-de, syýasy-ykdysady we medeni, durmuş ulgamlarda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ylym-bilim özgertmeleriniň yzygiderli artdyrylmagyny, ýaş nesilleriň döwrebap tehnologiýalardan başarnykly peýdalanmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ylmynyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşmak bilen çäklenmän, durmuş-ykdysady netijeliligi hem artdyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, ylym-bilim merkezleri bilen oňyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiz ýaş nesilleriň bilim-terbiýe alyp, eziz Watanymyza we halkymyza mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredýär. Ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan uly üstünliklerine buýsanýan, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny barha artdyrmak ugrunda yhlas edýän hakyky watançylaryň täze neslini ýetişdirmek asylly wezipä öwrüldi. Bilim edaralarynda öwredilýän daşary ýurt dilleriniň sanyny artdyrmak, okuw edaralarynyň okuw-usulyýet gollanmalary, şol sanda döwrebap okuw kitaplary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak babatdaky işler bu ugurdaky nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda häzirki zaman bilim edaralary diňe bir ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, kämil enjamlaşdyrylan okuw binýadyna eýedir. Täzeçil bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hünäri hem yzygider ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Bularyň ählisi bolsa, ýurdumyzyň ylmyny täze hil derejesinde ýokary sepgitlere çykarmaga esas döretmek bilen, türkmen halkynyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar. 

 

Merjen KAIPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.