logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Science and Education /Ylym-bilim – bagtyň çyragy
  09.04.2022
2107
Ylym-bilim – bagtyň çyragy

«Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda» eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ylym-bilim pudagy hem uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmek meselesiniň üns berilýän esasy ugurlaryň hatarynda durmagy düşnüklidir: Garaşsyz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkitmek we ahyrky netijede halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ozaly bilen, ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli, çuňňur düşünjeli ýaşlaryň ýetişdirilmegine bagly bolup durýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän giň gerimli we aýdyň geljegi nazarlaýan özgertmeler toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi wajyp orny eýeleýär. Şonuň netijesinde dürli pudaklarda ulanylýan tehnikalar we tehnologiýalar yzygiderli kämilleşdirilýär. Täze tehnologiýalar ýurdumyzyň önümçiligine güýçli depginde ornaşdyrylýar.

Ylym ulgamyna berilýän ähmiýet, ýaşlaryň ylym dünýäsine içgin aralaşmaklaryny gazanmak boýunça alnyp barylýan netijeli işler ýaş alymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşiklerde-de aýdyň görünýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Bilim ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikdäki şeýle çäreleri zehinli ýaşlara giň şert-mümkinçilikleriň döredilmeginde ajaýyp ädimdir.

Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berýän, ýaş nesliň ähli taraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary rowaç alsyn!

Amantäç ANNAGULYÝEWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Maglumat tehnologiýalary
kafedrasynyň mugallymy.