logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ykdysady ösüşlerde iňlis diliniň ähmiýeti
  02.07.2022
1253
Ykdysady ösüşlerde iňlis diliniň ähmiýeti

Hünärmenler ýakyn on ýylyň içinde dünýä ilatynyň, takmynan, 25%-i iňlis dilini özleşdirer diýip çaklaýarlar. Olaryň aglaba bölegi bolsa telekeçilerdir. Käbir gyzykly maglumatlara görä, ykdysadyýetiň derejesi we ilatyň sosial üpjünçiligi olaryň daşary ýurt dillerini bilmegine gönüden-göni baglydyr. Ýurduň raýatlary daşary ýurt dillerini näçe köp bilýän bolsalar, diýmek şol ýurduň ykdysady ýagdaýy hem gowudyr. Hususan-da, iňlis dilini bilmek ýurtda eksport akymynyň güýçlenmegine ýardam berýär. Bu bolsa, daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli işleri alyp barmak üçin halkara dilleri bilmegiň zerurdygyny aňladýar. Netijede, halkara diller her bir ýurduň we tutuş dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Bu netijäniň subutnamasy hökmünde iňlis dilini bilýän ýurtlaryň daşary ýurt maýa goýumlary babatda has özüne çekijidigini mysal getirmek bolar. Bu bolsa, öz gezeginde söwdanyň, eksportyň we beýleki ykdysady taraplaryň ösmegine uly täsir edýär.

Ýazmuhammet SAPAROW, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.