Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaşlaryň kalbynda watançylygyň belent waspy
  15.12.2022
610
Ýaşlaryň kalbynda watançylygyň belent waspy

Watan mukaddeslikdir, şonuň ýaly-da watançylyk düşünjeleri hem gymmatlydyr. Ýaş nesillerde watançylyk ruhuny kemala getirmek watansöýüji ýaşlary, ilhalar şahsyýetleri ýetişdirmegiň möhüm guralydyr. onuň duzy-da, suwy-da, topragy-da, ýandagy-da müň bir derde dermandyr. Ata Watan, ene toprak – biziň göbek ganymyzyň daman ýeridir, biziň örkümiz hem tutuş ykbalymyzdyr. Ömür şu Watana halal hyzmat bagyş edilende manylydyr. Halkymyzda «Towşana dogduk depe», «Özge ýurtda şa bolandan, öz iliňde geda bol» diýilýär. Bu manyly jümleler hakyky watansöýüjiligiň nusgasyndan habar berýär. Merdana pederlerimizden watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň, halallygyň, arassa ahlaklylygyň nusgalyk ýoly bize miras galypdyr. Şol beýik ýoly üstünlikli geçen her bir türkmen özüniň watansöýüjilik häsiýetleri bilen dünýäni haýrana goýupdyr. Geçmişde kuwwatly döwletleri döreden türkmen soltanlary, taryhy şahsyýetlerimiz hem öz döreden döwletlerinde watansöýüjiligiň, mertligiň hem halallygyň kök urmagyna üns beripdirler. Paýhasly ata-babalarymyzyň bu gymmatly hem gaýtalanmajak mekdebi nesillere ýol-ýörelgedir. Türkmençilikde watançylyk kasamyna wepalylyk belent adamkärçilikden, ýokary ahlaklylykdan nyşandyr. Asylly häsiýetlere ýugrulan watançylyk kasamy nesilleriň kalbynda belent mukam bolup ýaňlanýar. Watanyny janyndan söýüp, döş gerip goramaga taýýar bolan türkmen mertlerine söweşde ýeňiş hemişe ýar bolupdyr. Çünki uly ruhubelentligiň, mertlik hem gaýduwsyzlygyň gözbaşy, ýeňişleriň açary watansöýüjilikde jemlenendir. Türkmen halkymyz ähli döwürlerde hem watana bolan söýgüsini belent derejä göteren milletdir. Çünki olaryň aňynda hem ruhunda ene topraga, ata Watana bolan belent duýgular möwç alýandyr. Taryhda öçmejek yz galdyran pederlerimiziň görkezen gahrymançylygynyň belent nusgasy, çäksiz watansöýüjilik ruhy ýazyjy-şahyrlar tarapyndan mydama beýan edilip, waspy belentden ýetirilipdir.

Ruhunda watansöýüjilik duýgusy kök uran mähriban halkymyzyň günsaýyn ösýän eziz Diýarymyza, asuda durmuşymyza, ýagty geljegimize bolan beýik ynamy-da synmazdyr. Berkarar döwlete täze Galkynyşy bagyş eden, ýurdumyzy özgerişlere beslän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýaşlaryň alkyşlary egsilmezdir. Goý, Watana bolan belent söýgi her birimiziň kalbymyzda ebedi ýaşasyn, ýurdumyz abadan bolsun! 

 

Atahan ÝAZLYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.