logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Society /Ýaşlar baradaky uly alada jemgyýetiň abadançylygyny şertlendirýär
  14.01.2023
1045
Ýaşlar baradaky uly alada jemgyýetiň abadançylygyny şertlendirýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüji, kämil bilimli, beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek döwletimiziň öňe sürýän esasy wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ýaşlar syýasaty döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugry bolup çykyş edýär. Bu ugurda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty hem ýaşlaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, zehinleriniň ýokarlanmagyna, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyryp bilmekleri üçin zerur bolan mümkinçilikleri giňeltmäge oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, ýaşlaryň täzeçil pikirlerini goldamak we höweslendirmek esasy üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmek, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklerini, döredijilik bilen meşgullanmaklaryny gazanmak üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edilip, onuň çäklerinde ösüp gelýän ýaş neslini kemala getirmek, ýaşlaryň döredijilik ukybyny doly amala aşyrmaga gönükdirilen çäreler görülýär. Dünýäniň häzirki zaman şertlerinde ýaşlar syýasaty ýurduň ösüşi bilen birlikde, halkara gatnaşyklaryň hem ösüşini kesgitleýän möhüm ugra öwrülýär. Çünki ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikler ata Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýär.

Şeýle asylly başlangyçlar ýaşlar üçin gapysyny giňden açan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýaşlaryň eziz Watanymyzyň berkararlygyny, gülläp ösüşini pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, abadançylygyny üpjün etmäge, dünýä ýüzündäki at-abraýyny belende galdyrmaga goşýan mynasyp goşandy nurana ertirlerimize şan, rowaçlanýan gadamlarymyza bat bersin! Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!  

 

Oguljan AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 
Diller kafedrasynyň mugallymy.