logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Ýarty gümmez depe
  20.09.2021
887
Ýarty gümmez depe

Orta asyr alymlarynyň bellemeklerine görä, Sarahs ülkesi gündogar ýurtlarynda özüniň iňňän ýokary hilli bugdaýy we mähnet düýeleri bilen meşhur bolupdyr. Mary-Nişapur Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda uly düşelge bolan Sarahs şäheriniň töwereklerinde onlarça  obalar bolupdyr. Taryhçy As-Samany özüniň ,,Atlaryň genologik kitaby” diýen işinde, Sarahs obalarynyň adyny hem agzap geçýär. Olaryň käbirleri barada dolurak taryhy maglumatlary berýär. Andukan obasy Sarahs şäheriniň 7-8 km günorta-gündogar tarapynda ýerleşýär. Sasanid döwründe esasanda V-VII asyrlarda feodal gatnaşyklarynyň sosial gurluşynyň üýtgeşmeleri sebäpli oturumly ýerleriň görnüşleriniň çylşyrymlaşmagy bolup geçýär. Sasanid döwründe bu ýerde feodal köşgi döräp, ol daýhanlaryň obasy bilen birleşip, ýeke-täk goranyş ulgamyny döredipdir. Andukan obasy, baryp antik döwründe dörän bolmagy mümkin, sebäbi bu ýerden giçki parfiýa döwrüne degişli puluň (teňňeleriň) we keramiki önümleriň tapylmagy muňa şaýatlyk edýär.

    Bu obanyň Andukan ady fars sözi bolup, obada söwda dükanlarynyň köp bolandygyny aňladypdyr. Bu obada kiçiräk bazar hem ýerleşipdir. Sarahs şäheriniň bazarynda satylýan harytlaryň ähli görnüşlerini bu ýerde hem tapyp bolupdyr. Häzirki wagtda ,,Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanasynda Ýartygümmez depe ady bilen hasapda duran bu arheologiýa ýadygärlik gadymy Andukan obasydyr. Ýartygümmez depe şol orta asyr obasynyň merkezi galasy bolup, onuň günbatarynda ýerleşýän Atsyz depe-6 arheologiýa ýadygärligi  bolsa oba etegidir. Bu arheologiýa ýadygärligine ýerli ilat tarapyndan Ýartygümmez depe diýilmeginiň sebäbi, edil şol depäniň golaýynda öz döwrüniň ajaýyp binagärlik sungaty bolan Ýartygümmez arhitektura  ýadygärligi ýerleşýär.