logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Ýaponiýa 2 ýyldan soň syýahatçylyk çäklendirmelerini ýatyryp serhetleri açdy
  11.10.2022
1418
Ýaponiýa 2 ýyldan soň syýahatçylyk çäklendirmelerini ýatyryp serhetleri açdy

Ýapon hökümeti «COVID-19» sebäpli girizen syýahatçylyk çäklendirmelerini ýatyryp, ýurduň serhetlerini jahankeşdelere açdy. 

Fumio Kisida, 11-nji oktýabrda täze kararlary kabul etdi. Şoňa laýyklykda, indi gündelik 50 müň ýolagçynyň we daşary ýurtly jahankeşdeleriň Ýaponiýa syýahat etmegi bilen baglanyşykly gadagan edilen düzgünler ýatyryldy. Indi täze karardan soň, 70-e golaý ýurtdan gelen daşary ýurtly syýahatçylar Ýaponiýa gözegçiliksiz girip bilerler.

Mundan başga-da hökümet ýurt derejesinde içerki we daşarky syýahat petekleriniň bahasyny arzanlatdy.