logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Technology /Ýakyn wagtda uçarlarda telefonda gürleşip bolar!
  05.12.2022
1204
Ýakyn wagtda uçarlarda telefonda gürleşip bolar!

Ýewropa Bileleşiginiň awiakompaniýalarynyň ýolagçylary ýakyn wagtda uçarlarda hem telefon arkaly gürleşip, jaň edip, SMS ýazyşyp bilerler. Bu barada Ýewropa Bileleşigi uçarlary aragatnaşyk bilen üpjün etmek boýunça karar kabul etdi. Şoňa görä-de indi uçaryň ýolagçylary uçuş wagtynda 5G tehnologiýasy bilen internetden peýdalanyp, telefon arkaly gürleşip, jaň edip, SMS ýazyşyp bilerler.

Bu, bolsa ýolagçylaryň indi telefonlaryny uçar režimine goýmaklygyň zerur däldigini aňladýar. Ýöne kararyň nähili durmuşa geçiriljekdigi barada jikme-jiklik maglumat ýok. Uçarlary aragatnaşyk we internet bilen üpjün etmegiň iň soňky möhleti 2023-nji ýylyň 30-njy iýuny bolar. Hünärmenler uçarlarda innowasion hyzmatlary hödürlemegiň Ýewropa kompaniýalarynyň ösmegine kömek etjekdigini belleýärler.

Mälim bolşy ýaly mundan ozal hem Ýewropa Bileleşigi 2008-nji ýyldan bäri uçarlara belli bir ýygylyk zolaklaryny hödürleýär we käbir hyzmatlar üçin uçarda internete girmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, bu hyzmat gaty pesdi, munuň üçin emeli hemra arkaly uçar bilen ýeriň arasynda adamlary birleşdirmek üçin ýörite enjamlar gerekdi.

Täze taslama durmuşa geçirilende uçarlarda ykjam we akylly enjamlaryň üsti bilen 100 Mbit/s-dan ýokary bolan internete baglanyp, has ýokary göçürip alyş tizliginden peýdalanyp, telefon arkaly gürleşip, jaň edip, SMS ýazyşyp bolar. Ýöne alymlar häzirki wagtda, 5G ýygylyklarynyň uçuşlara päsgel berip biljekdigi we hatda beýikligiň nädogry okalmagyna sebäp bolup biljekdigi barada aladalanýarlar.  

 

Miraga GUSEÝNOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň Maglumat 
tehnologiýalary we programmirleme
fakultetiniň talyby.