logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Culture /Ganatly bedewler — üstünliklerimiziň nyşany
  15.09.2025
1612
Ganatly bedewler — üstünliklerimiziň nyşany

Gadymdan bäri türkmeniň toýunda ýoldaşy, ýowuz günde syrdaşy bolup gelen bedewlerimiz, häzirki döwrümizde bagtyýar durmuşymyzyň nurana nyşanyna, ösüşlere beslenýän ýurdumyzdaky belent depginiň, asylly ýol-ýörelgelerimiziň hem-de mukaddes maksatlarymyzyň aýdyň alamatyna öwrüldi. Şeýle hem olar dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlyklarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.

 

Ata-babalarymyzyň zähmeti we paýhasy bilen emele gelen atçylyk sungatynda türkmen halkynyň baý dünýägaraýyşy, pelsepesi, geçmişiniň yzy bar. Gözelligi, naz-nygmaty bilen deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjy we şöhratydyr. Pederlerimiz ahalteke atlaryny hem-de alabaýlaryny iň ýakyn syrdaş we wepaly dost hasaplapdyrlar. Gojaman taryh hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Batyr türkmen ýigitleri bilen bedewleriň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary köpsanly nusgawy eserlerimizde çeper beýan edilýär. Ol eserlerde atyň öz eýesine bolan ygrary we dostlugy täsirli suratlandyrylýar.

 

Ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, türkmen bedewlerini halkara ýaryşlara taýýarlamak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan öňdebaryjy usullar giňden ornaşdyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň, döwrebap aýlawlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, şeýle hem ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň üstünlikli işlemegi bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

 

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly gymmatly kitaplary halkymyza uly gollanma bolup hyzmat edýär. Bu eserler ahalteke bedewleriniň gözelliginiň, ýyndamlygynyň waspyny dowam etdirýär.

 

Ähli döwürlerde halkymyzyň syrdaşy we göz-guwanjy bolup gelen ahalteke bedewleriniň abraýy dünýäde günsaýyn artýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

 

Milli gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmak üçin yhlas edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de ahalteke bedewlerini iň gymmatly milli baýlygymyz hökmünde nygtaýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli beýik işlerinde hemişe üstünlik arzuw edýäris!

 

Selbiniýaz BEGNAZAROWA,

Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidenti bölüminiň kiçi ylmy işgäri.