logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Society /Halk Maslahaty — milli ösüşiň belent münberidir
  13.09.2025
1594
Halk Maslahaty — milli ösüşiň belent münberidir

Türkmenistanda halk bilen döwlet dolandyryşynyň arasynda iň ýokary geňeşçilik derejesiniň nusgasy bolan Halk Maslahaty möhüm syýasy hem-de jemgyýetçilik ähmiýetini özünde jemleýär. Bu giň gerimli maslahat diňe bir döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem halkyň sesiniň we aladasynyň döwlet derejesinde eşidilýän münberidir.


Halk Maslahatynyň aýratynlygy şundadyr: onda döwlet ýolbaşçylary bilen bilelikde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlar hem çykyş edýärler. Bu hem ýurdumyzyň demokratiýa ýörelgeleriniň, jemgyýetçilik pikiriniň ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär.


Geçirilýän maslahatyň dowamynda milli ykdysadyýetiň ösüşi, oba hojalyk, senagat, bilim, saglygy goraýyş, hem-de sanly ulgamy ösdürmek ýaly möhüm ugurlar boýunça maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýlelikde, Halk Maslahaty ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň ýol kartasyna öwrülýär.


Şeýle maslahatlaryň aýratyn ähmiýetli tarapy — onuň ruhy-ruhyýetdäki täsiridir. Milli däplerimize laýyklykda, maslahata gatnaşyjylar diňe resmi meseleleri çözmän, eýsem agzybirligiň, döwletlilik ýörelgeleriniň, ynamly ösüşiň manysyny halk arasynda giňden wagyz edýärler.


Türkmen halky üçin Halk Maslahaty diňe syýasy çäre däl, eýsem rowaçlygyň, jebisligiň hem-de belent maksatlaryň dabarasy bolup durýar. Ýurdumyzyň ösüş ýolunda kabul edilýän ähli möhüm kararlar hut şu maslahatyň ruhunda halk bilen maslahatlaşyp kabul edilýär.

Tylla ŞAHYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň II ýyl talyby.