logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halk Maslahaty — agzybirliligiň, döwletliligiň nyşany
  15.09.2025
3454
Halk Maslahaty — agzybirliligiň, döwletliligiň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jennet mekanymyz Türkmenistan ösüşleriň belent sepgitlerine bedew bady bilen barýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen pähim-paýhasly jümlesi jemgyýetimiziň her bir işiniň ýol görkezijisine öwrüldi.

 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr.

 

Bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti aýratyn uludyr. Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, ýurduň hukuk esaslaryny halkara tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden we jemgyýetde demokratik ýörelgeleri has-da ösdürmekden ybaratdyr.

 

Halk Maslahaty — ýaşulularyň paýhasy bilen ýaşlara ýol görkezýän, milli jebisligi pugtalandyrýan, her bir çözgüdi halkyň bähbidine gönükdirýän ýokary derejeli gepleşik meýdançasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, özygtyýarlylyk halk tarapyndan amala aşyrylýar, şonuň üçin hem Halk Maslahaty ähli ilatyň umumy pikirini jemleýän möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäre bolup durýar.

 

Oguljan AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.