Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýagşy terbiýe geljegiň aýnasydyr!
  20.06.2023
715
Ýagşy terbiýe geljegiň aýnasydyr!

Türkmen halkynyň asyrlardan gelýän milli däp-dessurlary, inçe ýörelgeleri, durmuşa siňip giden, ýazylmadyk kada-kanunlary bar. Şolaryň biri hem çaga terbiýe bermek, ony edep-ekramly edip ýetişdirmekdir. Terbiýe barada gürrüň açylanda, türkmen halky «Edebiň ýagşysy — ulyny syla», «Edep salamdan başlanýar», «Atalar sözi, akylyň gözi» diýen ýaly nakyllary durmuş hemrasyna öwrüpdir.

Türkmen halky edep-terbiýä aýratyn üns berýär. Şonuň üçin hem bu babatda asylly ýörelgeleri döredipdirler. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin olara parasatly sözleri, nakyllary öwredipdirler. Edep-terbiýe baradaky nakyllar, ündewler ýaşlarda watansöýüjiligi, ula hormat goýmagy öwredýär. Şeýle hem nakyllar ýaşlaryň ylym-bilime bolan höwesini artdyrýar. Munuň özi çaga terbiýesinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Müň­ýyl­lyk­la­ryň sy­na­gyn­dan ge­çip, kä­mil­le­şip, bi­ziň şu gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten däp-des­sur­lar­da, mil­li ýö­rel­gä­miz­de Wa­ta­na, il-gü­ne bo­lan söý­gi my­na­syp orun al­ýar. Hut şo­nuň üçin hem ne­sil ter­bi­ýe­sin­de wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­sa­na ýag­şy­lyk et­mek ýa­ly ýö­rel­ge­le­re aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Mu­nuň özi kä­mil­li­giň, asyl­ly ter­bi­ýä­niň göz­ba­şy­dyr.

Ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim ber­mek üçin il­ki bi­len ola­ryň mil­li, kä­mil ter­bi­ýe al­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly. Ter­bi­ýe me­se­le­si iň­ňän jo­gap­kär­li iş­dir. Ne­sil ter­bi­ýe­si diý­len­de, adat­ça, ça­ga­lar ba­gy­na gat­na­ýan kör­pe­ler ýa-da ki­çi ýaş­ly mek­dep okuw­çy­la­ry göz öňü­ňe gel­ýär. Ýö­ne ter­bi­ýe di­ýen dü­şün­jä­niň örü­si örän giň. Ol yn­sa­nyň ýaş aý­ra­tyn­ly­gy­na kän­bir parh hem go­ýup du­ra­nok. Yn­san bü­tin öm­rü­niň do­wa­myn­da ter­bi­ýe mek­de­bin­de tä­lim al­ýar. Kä­mil­li­giň, bi­li­miň çä­gi ýok bol­sa, ter­bi­ýä­niň hem çä­gi ýok­dur. Bu gün­ki ta­lyp — er­tir­ki hü­när­men, er­tir­ki ter­bi­ýe­çi we mu­gal­lym. Ol gel­jek­de ata Wa­ta­ny­my­zyň dür­li pu­dak­la­ryn­da öz ele alan hü­nä­ri bo­ýun­ça zäh­met çek­me­li, bi­lim öw­ret­me­li hem-de ter­bi­ýe ber­me­li, mah­la­sy, jem­gy­ýe­tiň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyn­da iň­ňän mö­hüm orun eýe­le­me­li adam­dyr. Şo­nuň üçin onuň bi­lim­li, giň göz­ýe­tim­li, ösen aň-dü­şün­je­li, öz kä­ri­niň ha­ky­ky eýe­si bol­ma­gy, kä­mil şah­sy­ýet bo­lup ýe­tiş­me­gi ze­rur­dyr. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.