logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Wýetnamda dünýäniň iň uzyn aýna köprüsi açyldy
  08.06.2022
1289
Wýetnamda dünýäniň iň uzyn aýna köprüsi açyldy

Dünýäniň iň uzyn aýna köprüsi Wýetnamda açyldy. Köprini ýerli ilat “Ak aždarha” diýip atlandyrýarlar. Köpri pyýada ýöreýänler üçin gorkunç bolup görünse-de, köprüde ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. 

Aýna köpriniň  uzynlygy 632 metre, aýnalaryň galyňlygy bolsa 40 millimetre barabardyr. Ýerden 150 metr beýiklikde ýerleşýän köpri, şol bir wagtyň özünde 450 adamy göterip biljek derejede güýçlüdir. 

Wýetnam häkimiýeti köpriniň açylyşy üçin ýörite dabara gurady. Açylyş dabarasyna Ginnesiň rekordlar kitabynyň işgärleri hem gatnaşdy. “Ak aždarha” resmi taýdan dünýäniň iň uzyn aýna köprüsi diýen adyny aldy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Mundan öňki rekord, Hytaýyň Guangdong welaýatynda ýerleşýän 526 metr uzynlykdaky köprä degişlidi.

Täze açylan aýna köpri eýýämden birnäçe ýurtlardan gelen syýahatçylary özüne çekmegi başardy.

Altyn SAÝYPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.