logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Interesting /“WhatsApp” tölegli agza bolmak aýratynlygyny girizýär
  22.04.2022
1001
“WhatsApp” tölegli agza bolmak aýratynlygyny girizýär

Meşhur habarlaşma programmasy “WhatsApp” edara-kärhanalar üçin täze aýratynlygyň üstünde işleýär. “WhatsApp” - işewürlik profilini ýokarlandyrmak şeýle-de iş hasaplaryna goşmaça aýratynlyklar hödürlemek üçin täze tölegli agza bolmak meýilnamasynyň üstünde işleýär.

“WhatsApp” -daky iş hasaplary üçin “Birikdirilen enjamlar” bölümi täzeden işlenilýär we bu bölüme tölegli agza bolmak aýratynlygy goşular. Täze aýratynlygyň kömegi bilen 4 dürli enjamda şol bir “WhatsApp Business” hasaby açyp bolar. Şeýlelik bilen, bir kärde zähmet çekýän dört adam şol bir hasap bilen aragatnaşyk gurup biler.

Adaty şertlerde 4-e çenli enjamy goldajak täze aýratynlyk, tölegli abunalyk bilen 10-a çenli enjamy goldap biler. “WhatsApp” -yň tölegli agza bolmak üçin dürli aýratynlyklary hem getirjekdigi mälim edildi, ýöne häzirlikçe bu aýratynlyklar doly tanyşdyrylmady.

Ýatladyp geçsek, “WhatsApp Messenger” 2009-njy ýylda smartfonlar üçin işlenip düzülen gyssagly habarlaşma we jaň şeýle-de aragatnaşyk programmasydyr. Wagtyň geçmegi bilen platforma dünýäniň ähli ýerinde uly meşhurlyk gazanyp, iň gowy aragatnaşyk platformasyna öwrüldi.

Enejan URAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.