logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Weteranlaryň sarpasy
  06.05.2021
766
Weteranlaryň sarpasy

      Kaka etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri etrabyň ýaşaýjylary — uruş weterany Ata Tutlykowyň, mukaddes öý-ojaklarynda bolup, olary baýramçylyk mynasybetli gutladylar hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.

       Kaka şäherinde ýaşaýan, agtyk-çowluklaryna, ýuwluklaryna  guwanyp, berkarar Watanymyzyň ösüşlerine buýsanýan bu mährem enäniň kalby şatlykdan doludygyna onuň döwletli ojagynda bolanymyzda buýsanç bilen göz ýetirdik. Ol etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýygy-ýygydan gelip, hal-ýagdaýy bilen gyzyklanmagy gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy barada buýsanjyny goşalandyrýandygyny ene ýüreginden syzdyryp aýtdy. Şeýle buýsançly sözleri Gozgan obasynyň ýaşaýjysy 96 ýaşy arka atan, urşuň gazaply söweşlerine gatnaşan Ata Tutlykowyň dilinden hem eşitmek ýakymly boldy.