Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Wesýet
  19.11.2024
108
Wesýet

Her gün okuwa öýden irräk çykardym we öýümiz bilen mekdebiň arasy eslije bolsa-da, ýöremekligi halaýanlygym üçin okuwa  ýanýoda bilen pyýada giderdim. Ýol boýam adaty endigime görä mugallymlaryň öýe tabşyran ýumuşlaryny kä içimden, käte daşymdan gaýtalap giderdim. Ine, bu günem şeýle günleriň biridi. Bäşlik baha almaklygyň aladasy bilen garabaşyma gaý bolup barşyma daş-töweregimi hem unudypdyryn. Birdenem “Ertiriň haýyrly bolsun, balam!” diýen sese tisginip gitdim. Yzyma sersalsam ýaşy segsene ser uran, ak sakgally, ýüzi nurana, güler ýüzli ýaşuly goja ekeni. “Atam, siziňkem haýyrly bolsun”! diýip, ýumuşlarymy galan ýerimden dowam etdirmekçi bolanymda, goja söhbete başlady. Ýol uzyndy, wagt bolsa köpdi. Säheriň sergin howasynda ýaşuly bilen ýolumyň birligine we  onuň gyzykly söhbetlerini diňläp barýanlygyma diýseň begenýärdim. Sebäbi olar durmuş tejribesini gören, agy-garany saýgaran adamlardy.
 

Ýaşuly söhbetini dowam etdirip, balam, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde ähli arzuwlaryň hasyl bolýan bu bagtyýar döwri, döwrany siziňki okaň, diňe okaň, öwreniň diýip, sesini sandyradyp ahmyrly seslendi.
 

Men bir gurply maşgalanyň ýekeje perzendidim. Meni çagalykdan diýseň aýnatdylar we öýde ähli diýenlerim kanun bolardy, şonuň üçin hem hiç bir zadyň gadyryny bilmän ulaldym. Deň-duşlarym ýaly okuwymy hem ünsli okamadym. Men öz durmuş tejribäme salgylansam, bir zada has aýdyň göz ýetirdim, ol bolsa wagt diýilen adalatly kazynyň ähli zady ýerbe-ýer goýşuna. Ulaldym, jahyl çykdym, ata-ene elmydama seň başyňy alyp duranoklar ekeni. Olar hem dünýelerini täzelediler. Bir seretsem ýeke özüm ýalňyz galdym. Ähli zat şol günden soň başlady. Bir wagtlar her bir sözi kanun, diýeni şol wagtyň özünde edilýän men, alaçsyz galdym. Kimdir birleri bäş manatlyk iş buýrar diýip, ir ertirden, giç agşama çenli gözlegde gezdim. Bir gün garnym dok bolsa, bir gün açdy. Ýetginjekkäm kakam maňa: “Oka oglum, oka, soň puşman bolarsyň” diýipdi. Ah,  köşegim, kän-kän puşman etdim, emma “Soňky tüýkülik sakal ezmez” diýleni. Ata-babalarymyz her bir sözi paýhas eleginden geçirip aýdan ekenler. Eziz balam, senem meň günüme düşmejek bolsaň oka, diňe oka, ýadaman, ýaltanman, gije diýmän, gündiz diýmän oka. Şu wesýetlerimi we meni hiç haçan unutmagyn diýeninde mekdebiň howlusynyň deňine ýetipdik. Meniň şu mekdepde  okaýanlygymy aňan goja: “Sag bol köşek, sag-aman oka!” diýdi we biziň ýolumyz aýryldy. Men bolsa: “Sizem sag boluň!” diýip bilmedim. Sebäbi gojanyň hamsygýanyny, didelerinden ahmyrly ýaşlaryň syrygýandygyny gördüm. Şol günden soň ol gojanyň  ajaýyp wesýetleri we nemli gözleri hakydamda hemişelik galdy.

 

Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň oguz han
adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň mugallymy.